Prezident Berdimuhamedow 20-nji maýda dikuçarda Aşgabada syn edip, paýtagtyň 140 ýyllygy we garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli gurulýan desgalara syn etdi. Bu barada TDH döwlet habar gullugy bildirýar.
Berdimuhamedow Aşgabat-Türkmenabat ulagýolunyň we onuň töweregindäki abadanlaşdyryş gurluşyklaryna syn etdi.
TDH-niň bellemegine görä, bu ulagýol Aşgabat-Türkmenbaşy awtobany bilen birleşse, onda gündogar sebit ýük ulag ýoly boýunça göni Türkmenbaşy deňiz portyna çykyp biler.
Şeýlede Berdimuhamedow ýurdyň demirgazygyndaky, jemleýji etapdaky kottež toplumyna hem syn etdi.
Maglumatlara görä, bu ýaşaýyş jaý toplumy Aşgabatlylara baýramçylyk sowgady bolar.
Belläp geçsek, ýakynda geçen hökümet maslahatynda aýdylmagyna görä, Aşgabadyň 140 ýyllygyna 140 sany ýaşaýyş jaýyň dabaraly açylyşy bolar.
Onsoň ol “Garagum” myhmanhanasynyň we onuň ýanyndaky seýilgähiň, ýerasty geçelgäniň, “Aşgabat” söwda merkeziniň gurluşyklaryna syn etdi we olar 25-nji maýda açylar.
Soňre Berdimuhamedow şäheriň günortasyna tarap ýola düşdi we “Arkadag” myhmanhanasynyň gurluşygynyň gidişine syn etdi.
Aşgabat-Türkmenabat awtobanyň gurluşygyna “Türkmen Awtoban” paýdarlar jemgyýeti, kömekçi kärendeçileriş hususy kärhana “Nusaýýollary”, “Hyzmat merkezi”, hojalyk jemgyýetleri “Edermen” we “Altyn nesil” girýär.
Bu taslamanyň umumy bahasy 2,3 milýard dollar.
Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna bu ýoluň Aşgabat-Tejen bölegini tamamlamak planlaşdyrylýar.Soňra ikinji Tejen-Mary, Mary-Türkmenabat böleklerini 2022-nji we 2023-nji ýyllarda tamamlamak göz öňünde tutulýar.The post Berdimuhamedow Aşgabadyň we ýurdyň ýyl dönümi baýramlary bilen bagly dikuçurda gurluşyklara syn etdi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.