15-nji iýunda prezident Berdimuhamedow premýer-ministriň gurluşyk-senagat toplumy boýunça orunbasary Şamuhammet Durdylyýewiň haýyşy boýunça Aşgabadyň günortasyna bardy we prezidente täze gurluljak desgalaryň meýilnamalary görkezildi diýip TDH döwlet täzelikler gullugy maglumat berdi.
Ilkibaşda Berdimuhamedowa Bitaraplyk , S.Türkmenbaşy, N.Andalyp şaýollarynyň, Bekrewe köçesi bilen Arçabil şaýolunyň kesişýän ýerinde iki derejeli aýlawdaky diwarlary bezemek üçin meýilleşderilýän mozaýikleriň nusgalary görkezildi.
Berdimuhamedow olara öz belliklerini aýdyp, “Türkmenistanyň döwlet arhitektura-gurluşyk uniwersitetiniň, ýol-ulag düýp gurluşlary desgalarynyň dizaýn elementlerini işläp taýýarlamak boýunça döwlet çeperçilik akademiýasynyň studentleriniň hem mugallymlarynyň ideýalaryny öwrenmegi” tabşyrdy.
Onsoň prezidente Döredijilik merkeziniň taslamasyny görkezdiler. Ol Bitaraplyk şaýolunyň günbatarynda gurlar. Şeýlede şäheriň bu böleginde guruljak desgalaryň we ýollaryň plany prezidente görkezildi.
Berdimuhamedow bolsa, şäheriň serhediniň barha giňeldilýändigi we ulag akymynyň artýandygy üçin ýollaryň boýunda gowy ýagtylandyrylan ýerasty hem ýerüsti geçelgeleri gurmalydygyny belledi.
Soňra Aşgabadyň häkimi Ýaztagan Gylyjow paýtagtyň arassaçylygy we abadanlaşdyrylyşy boýunça işler bilen bagly hasabat berdi.
Berdimuhamedow Aşgabadyň dünýäniň iň owadan we ýaşamaga amatly şäherleriniň reýtingindäki ornuny pugtalandyrmak üçin işleri bolmaly derejesinde gurnamagy tabşyrdy. The post Berdimuhamedow Aşgabadyň şäher taslamalaryny tassyklady we şäheriň halkara reýtingdäki oruny babatda aladalandy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.