Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy, ýerli ýaşaýjylaryň hereketi çäklendirildi

Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy, ýerli ýaşaýjylaryň hereketi çäklendirildi

Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Ýerli ýaşaýjylar tas her hepde gaýtalanýan şeýle iş saparlarynyň dowamynda şäherde howpsuzlygyň güýçlendirilip, hereketiň çäklendirilýändigini aýdýarlar.

Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde bina edilen şäherde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň meýilnamasyny ýakyndan synlaýar. Soňky wagtlarda ýygy-ýygydan gaýtalanýan şeýle saparlar täze şäheriň ilatynyň hereketiniň çäklendirilmegi bilen utgaşýar. Olar Berdimuhamedow şähere gelende, özlerine hatda äpişgeden garamagyň hem gadagan edilýändigini aýdýarlar.

“Arkadag Arkadag şäherine gelmezden tas bir sagat çemesi öňürti ýerli ilata ýaşaýyş jaýlaryndan daşaryk çykmazlyk duýdurylýar, hatda penjireden garamaklyk hem gadagan edilýär” diýip, Arkadag şäheriniň ýaşaýjysy aýdýar.

Türkmenistanda Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut öz başlangyçlary esasynda döwlet serişdeleriniň hasabyna bina edilen täze şäher 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda açyldy. Häzirki wagtda bu şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam edýär.

“Berdimuhamedow soňky wagtlarda tas her hepde diýen ýaly Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäherden nazaryny sowmaýar, onuň arassaçylyk işlerine çenli öz gözegçiliginiň astynda saklaýar” diýip, arkadagly ýaşaýjylar aýdýar.

Çeşmelere görä, Gurbanguly Berdimuhamedow saparyň dowamynda bu şäheriň golaýynda ýerleşýän Ahalteke atçylyk toplumyna baryp görýär. Atçylyk toplumyndan soňra, ol Arkadag şäherinde Aba Annaýewiň adyny göterýän kottežler toplumyna barýar.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Berdimuhamodowyň ýakyn töwereginiň käbir agzalarynyň bu toplumdaky jaýlarda ýaşaýandyklaryny aýdýarlar.

Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligine görä, Gurbanguly Berdimuhamedow geçen hepdäniň ahyrynda hem bu şähere iş saparyny amala aşyryp, şäheriň ikinji tapgyrynda gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.

Şeýle-de, ol bu saparyň çäginde Arkadag şäherine berlen soňky halkara sylaglar bilen tanyş boldy; şäher häkimi, gurluşyk işleri boýunça döwlet komitetiniň başlygy we beýleki resmiler bilen duşuşdy.

Eks-prezident döwlet komitetiniň başlygyndan şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşyk işlerini çaltlandyrmagy, hem-de lukmançylyk klasteri boýunça daşary ýurt maýasyny çekmegi talap etdi.

Döwlet metbugatyna görä, bu şäher Awstriýanyň Wena şäherinde Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna we güwänamalaryna mynasyp bolupdyr. Şeýle-de, resmi habarlarda aýdylmagyna görä, täze şäherde bina edilýän lukmançylyk klasteriniň önümleri halkara derejede hasaba alnypdyr.

Berdimuhamedow iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanda köp sanly iri gurluşyk taslamalaryny ýerine ýetiren “Buig” fransuz kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekili bilen hem duşuşyp, hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşypdyr.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabatda ýazgyda duran gurply adamlara, telekeçilere Arkadag şäherinden 300 çemesi ýaşaýyş jaýyny satyn almagyň talap edilendigini habar berdiler.

Bu şäher 2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen Ahal welaýatynyň edara ediş merkezi hökmünde yglan edildi, 2023-nji ýylyň martynda türkmen kanunçylygyna laýyklykda “döwlet ähmiýetli şäher” statusyna eýe boldy.

Media maglumatlaryna görä, şäheriň birinji we ikinji tapgyrlarynyň gurluşygyna takmynan bäş milliard dollar çemesi maliýe serişdesi sarp edilýär.

Synçylar täze şäheriň Arkadag atlandyrylmagyny Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsyýet kultynyň dabaralandyrylmagy hökmünde häsiýetlendirdiler.

Şäheriň gurluşyk işleri ýurtda ykdysady kynçylyklaryň dowam edýän pursatlaryna gabat geldi.

Mundan ozal, şu ýylyň maý aýynda şäheriň häkimi çalşylyp, bu wezipe Mejlisiň öňki başlygy Gülşat Mämmedowa ynanyldy, öňki häkim Şamuhammet Durdylyýew saglyk ýagdaýlary sebäpli wezipesinden boşadyldy.

Arkadag şäheriniň ençeme ýaşaýjysy berk gözegçilik we yzygiderli gaýtalanýan hereket çäklendirmeleri sebäpli, özleriniň bu ýerden alan jaýlaryna puşman edýändiklerini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäherinde ulaglar AK döwlet belgisi bilen hasaba alynýar, 'artykmaçlyklardan' peýdalanýar
Arkadag şäherinden jaý satyn alan welaýat ýaşaýjylarynyň jaýlary ellerinden alynýar
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäheriniň täze häkimini wezipä belledi
Diňle: Durdylyýew Arkadag şäheriniň häkimi wezipesinden boşadyldy
7-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Durdylyýew Arkadag şäheriniň häkimi wezipesinden boşadyldy