Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde görkezilýän taslamalar bilen tanyşlygyň dowamynda myhmanhanada dörediljek şertler bilen gyzyklandy.
Döwlet Baştutany döwrebap myhmanhanany we söwda merkezini atlandyrmak boýunça teklipler bilen tanşyp, myhmanhana “Marköw”, söwda merkezine bolsa “Gökdere” atlarynyň dakylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Desgalar gurlanda we timarlaýyş işleri geçirilende, ýokary hilli serişdeler ulanylmalydyr. Şol serişdeler ýurdumyzyň howa şertlerini, ekologiýa we halkymyzyň milli bezeg aýratynlyklaryny nazara almak bilen, berkligi we amatlylygy göz öňünde tutulyp seçilip alynmalydyr.
Binalaryň we desgalaryň keşbinde, içki bezeginde milli binagärligiň ajaýyp däpleri bilen sazlaşykda binagärlik we bezeg ulgamyndaky gazanylan üstünlikler öz beýanyny tapmalydyr.Munuň özi ýurdumyzda gurulýan desgalara aýratyn öwüşgin çaýýar diýip, döwlet Baştutany aýtdy.