Berdimuhamedow ähli pudagyň ösýändigini tassyklap, bank başlygyny täzeledi, nebit-gaz pudagynyň ýolbaşçylaryna käýinç paýlady

Berdimuhamedow ähli pudagyň ösýändigini tassyklap, bank başlygyny täzeledi, nebit-gaz pudagynyň ýolbaşçylaryna käýinç paýlady

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni nobatdaky hökümet maslahatyny geçirip, ykdysadyýetiň tas ähli pudagynda sekiz aýda bellenen tabşyryklaryň üstünlikli ýerine ýetirilendigini, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň ýokary bolmagynda galýandygyny aýtdy.

Emma 7-nji sentýabrda gol çeken kararlary we TOPH geçirijisiniň gurluşygyna hemişe gözegçilik etmek barada aýdan sözleri döwlet baştutanynyň nebit-gaz pudagynyň işinden asla kanagatlanmaýandygyny aňladýar. "Makroykdysady görkezijilere laýyklykda, jemi içerki önüm 6,2 göterim artdy" diýip, TDH degişli resmileriň hasabatlarynda getirilen sanlara salgylanyp habar berýär. Şol bir wagtda prezident ýurduň esasy girdeji getirmeli ugurlarynyň resmileriniň birnäçesine käýinç yglan etdi, goýberilen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi sorady we hatda nobatdaky kadr çalşygyny hem geçirdi.

Hususan-da, işde goýberen kemçilikleri üçin, "Daýhanbank" döwlet täjirçilik bankynyň başlygy Polat Allagulyýew wezipesinden boşadyldy.Bu wezipe wagtlaýyn ozal şu bankyň başlygynyň orunbasary bolup işlän Şamuhammet Nepesowa ynanyldy.

TDH döwlet baştutanynyň nebit-gaz ulgamynyň işindäki kemçilikler hakynda gürrüň edendigini habar berýär, emma bu diýilýän kemçilikler o diýen anyklaşdyrylmaýar. Şol bir wagtda-da Berdimuhamedow nebit-gaz pudagyna jogap berýän wise-premýer Myratgeldi Meredowa, döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Myrat Arçaýewe, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Döwletdurdy Hajyýewe, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, döwlet tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin diýip, berk käýinç yglan etdi.

Prezident bu pudakda amala aşyrylýan özgertmeleri işjeňleşdirmegini, ýangyç-energetika toplumynyň netijeli işlemegini ýola goýmak boýunça "gysga möhletde anyk çäreleri görmegi" berk talap edýär we hususan-da TOPH taslamasynyň gurluşygynyň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrýar.

TOPH bilen bagly ýagdaýlary ýakyndan synlaýan ekspertler bu proýektiň üstünlikli boljagyna köplenç gümanly garaýarlar we Pakistanyň täze saýlanan premýer-ministri Imran Han golaýda ýurduň eýran gazyny import etmek işini çaltlandyrjagyny syzdyrdy.

Gepiň gerdişien aýdylsa, Berdimuhamedow geçen ýylyň dekabrynda Ýagşygeldi Kakaýewi Türkmenistanyň prezidentiniň nebit-gaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine belledi. Şondan öň ol, has anygy aprel aýynda, Kakaýewi hökümet başlygynyň nebit-gaz senagatyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesinden boşatdy.

Häzirki wise-premýer Myratgeldi Meredowa bildirilen nägilelikden biraz tapawutlylykda, Kakaýew gözegçilik edýän pudagyna "kontrollygy gowşatmakda" aýyplandy.Mundanam başga, Berdimuhamedow dekabryň başynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory Döwletmyrat Bäşimowa, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Döwletdurdy Hajyýewe käýinç yglan etdi.

Resmi habara laýyklykda, olar hem wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde kemçilik goýberipdir. Şol wagtlar “Türkmennebit”, “Türkmengaz” döwlet konsernleriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlaryna bergili bolup galýandygy barada hem habarlar çykdy.

Türkmenistan Orsýet, Eýran ýaly iri gaz alyjylary bilen nyrhlar we tölegler meselesinde oňuşman, gaz söwdasynda esasan Hytaýa garaşly bolup galýar, ýöne bu ýagdaýyň ýurduň ykdysadyýetine ýetiren ýaramaz täsiri barada anyk maglumatlary çap etmeýär. Ýerli synçylar ýurtda ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän kadr geldi-geçerliginiň pudaklaryň ösüşine kiçi-girim zyýan ýetirmeýändigini belleýärler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
07.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Allagulyýew P.H. hakynda
Türkmen banklarynyň ýolbaşçylaryna käýinç yglan edildi
“Olary diri görkeziň!”: Halkara jemgyýetçiliginiň gyssagly ädimleri ätmegi zerur