Şu gije Oraz aýynyň habarçysy bolan Beragat gijesi
Şaban aýynyň 15-nji gijesi bolan Beragat gijesi, 11 aýyň soltany Oraz aýynyň hem habarçysy.
Beragat gijesi, yslam ynanjyna görä, günälerden saplanma gijesidir.
Şu mukaddes gijede musulmanlar toba edip günäleriniň bagyşlanmagyny islär.
Din işleri edarasynyň başlygy Ali Erbaş Beragat gijesi mynasybetli çap eden ýüzlenmesinde “Şu gije ediljek doga dilegleriňiz kabul bolsun” diýdi.
Türkiýäniň Radio-telewideniýe guramasy TRT-niň Beragat gijesine bagyşlanan ýörite gepleşigi Kahramanmaraşdan ýaýlyma berler.