Benziniň arzan ýurtlaryň sanawynda Türkmenistan öňdäki orunlarda durýar

Şu ýylyň 5-nji dekabryndaky ýagdaýa görä, Türkmenistan dünýäde 95 oktan benziniň iň arzan ýurtlaryň sanawynda ýedinji orunda durýandygy görkezilýär. Global Petrol Prices analitik neşiriniň maglumatlarynda benziniň bahasynyň 0,433 ABŞ dollaryna barabardygy bellenilýär.

Sanawda Wenesuela benziniň iň arzan ýurdy diýlip görkezilýär. Bu ýurtda benzin 0,016 dollardan satylýar. Benzin ýangyjynyň iň arzan ýurtlarynyň ilkinji üçlügine Liwiýa (0,031 dollar) we Eýran Yslam Respublikasy (0,053 dollar) girýär. Angola (0,317 dollar) we Alžir (0,333 dollar) ilkinji bäşligi jemleýär. Kuweýtde benziniň bahasynyň 0,342 dollardygy aýdylýar.

Sanawyň soňunda ýerleşýän Gonkongda benziniň bir litriniň bahasynyň 2,969 dollardygy bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Mary: Benzin gytçylygy dowam edýär
Türkmenistan benziniň bahasy iň arzan ýurtlaryň ilkinji onlugynda
Türkmenistan benziniň iň arzan döwletleriniň ilkinji 7-ligine girdi
Gazy eksport ediji döwletleriň forumy Türkmenistanyň gurama agza bolmagyna gyzyklanma bildirýär
Demirgazyk Koreýa Ýene-de 2 Ilçihanasyny Ýapdy
OPEC döredildi