Kaliforniýa ştatynyň häkimi Gewin Nýusom, ştatyň kanun çykaryjy edarasynyň 2035-nji ýyla çenli benzin bilen işleýän täze awtoulaglaryň satylmagyny gadagan etmek baradaky taryhy kararynyň nebit önümlerine garaşlylygy azaltjakdygyny mälim etdi.
Degişli täze düzgünler, uzaga maslahatdan soň Kaliforniýa ştatynyň howa baýlyklary boýunça geňeşi tarapyndan tassyklandy.Kaliforniýa ýurtda benzin bilen işleýän awtoulaglardan tapgyrlaýyn boýun gaçyran ilkinji ştat boldy.Gewin Nýus muňa beýleki ştatlaryň hem eýerjekdigine umyt bildirdi.
Täze düzgünlere laýyklykda, awtoulag öndürijiler parnik gazlaryny çykarýan, pikap, ýolsuz ýerden ýöreýän we ýeňil awtoulaglaryny satyp bilmezler. Öz nobatynda, awtoulag sürüjiler 2035-nji ýyla çenli satyn alnan ulaglaryny sürmegi dowam etdirip bilerler. Şeýle hem, düzgünler güýje girenden soň hem benzin bilen işleýän ulanylan ulaglary satyn almaga rugsat berler.
Kaliforniýa ştaty ABŞ-da iň uly awtoulag bazaryna eýedir we howa krizisini çözmek maksady bilen ýörite kanunlary işläp düzdi.Iň azyndan bäş ştat indiki ýylyň içinde benzin bilen işleýän ulaglara gadagançylyk girizip biler.
Häzirki wagtda ABŞ-da satylýan awtoulaglaryň diňe 6 göterimi elektrikli bolup, şunuň bilen birlikde, ABŞ käbir Ýewropa ýurtlaryndan we Hytaýdan bazar paýy boýunça asgyn gelýär. 2021-nji ýylda Prezident Jozef Baýden ABŞ-da satylýan ähli täze awtoulaglaryň ýarysynyň 2030-njy ýyla çenli howa goýberýän zyňyndylarynyň nol derejede bolmagyny talap edýän karara gol çekdi.
Ýakynda inflýasiýany azaltmak baradaky kabul edilen kanun, beýleki ýagdaýlar bilen bir hatarda, elektroulaglaryň satyn alynmagyny goldamak üçin salgyt ýeňilliklerini üpjün eder. Birnäçe garaşsyz barlaglara görä, kanun 2030-njy ýyla çenli ABŞ-nyň içerki uglerod yzlaryny 40 göterime çenli azaldar diýlip garaşylýar.