Benedikt Kemberbetç Golliwudyň Şöhrat alleýasynda ady ýazylan ýyldyzy alar

Benedikt Kemberbetç Golliwudyň Şöhrat alleýasynda ady ýazylan ýyldyzy alar

28-nji fewralda Los-Anjelesde britaniýaly aktýor Benedikt Kemberbetç üçin Golliwudyň “Şöhrat alleýasynda” ady ýazylan ýyldyzyň açylyş dabarasy bolar. Bu barada film.ru neşiri ýazýar.

Häzirkizaman Şerlok Holmsyň we Doktor Strenjiň keşbini ýerine ýetiriji meşhur taslamanyň çäginde ebedileşdiriljek 2714-nji adam bolar. Dabara Golliwudyň “Şöhrat alleýasynyň” saýtynda Ýuwaş umman wagty bilen irden 11:30-da göni ýaýlymda görkeziler. Bu çärede Marvel studiýasynyň ýolbaşçysy Kewin Faýgi we blokbasterleriň režissýory Jeý Jeý Abrams çykyş eder.

Ýatlap geçsek, 45 ýaşly aktýor “Itiň hökmürowany” filmindäki keşbi üçin “Oskar” baýragyna hödürlendi. Bu kartina bolsa “Iň gowy film” nominasiýasynda baýrak üçin dalaşgär boldy.

Ýene degişli makalalar

Möý adam ABŞ-da ilkinji prokat güni kassa ýygymy boýunça rekord goýdy
Türkmenistan Belarusda galan raýatlaryny getirer, Aşgabatda ýol hereketiniň düzgünleriniň gödek bozulma ýagdaýlary ýüze çykaryldy, Russiýa bilen Türkmenistanyň diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna 30 ýyl boldy we beýleki täzelikler
Italiýada 78-nji Wenesiýa film festiwaly açyldy
“Itiň hökmürowany” iň gowy film hökmünde BAFTA baýragyna mynasyp boldy
10-njy maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Rim Papasynyň tagtdan ýüz öwürmegi mümkin