Ben Afflek Betmeniň keşbinden ýüz öwürdi

Ben Afflek Betmeniň keşbinden ýüz öwürdi

Kino ýyldyzy Ben Afflek özüni aňrybaş ukyply gahryman Betmen baradaky filmlerde çykyş etmegiň asla gyzyklandyrmaýandygyny, şonuň üçin bu keşbi janlandyrmak barada tekliplerden ýüz öwrendigini habar berdi. Ol bu barada Entertainment Weekly neşirine beren beýanatynda aýtdy.

Ol öň Adalatlylyk ligasy atly filmde bu gahrymanyň keşbini janlandyrmakdan asla lezzet almandygyny, filmiň şowsuz çykandygyny gürrüň berdi. Aktýor indiden beýälk özüne şatlyk getirýän kino taslamalarynda surata düşmekçidigini nygtady. Afflek şeýle karara gelmegine ýegre dosty, aktýor Mett Deýmonyň hem täsir edendigini sözüniň üstüne goşdy, artistiň sözlerine görä, Deýmon oňa bu keşpden ýüz öwürmegi maslahat beripdir.

Ýene degişli makalalar

Forsaž-10 franşizasy kinoteatrlara 2023-nji ýylyň aprelinde çykarylar
Nikolas Keýj aktýorlyk karýerasyny hiç mahal tamamlamajakdygyny aýtdy
Türkmenistan “Kazan Digital Week” forumynyň çäklerindäki “tegelek stol” maslahatyna gatnaşar
Repçi Lil Nas X-iň Montero klibi Ýylyň iň gowy aýdym-saz wideosy boldy
Berdimuhamedow atlar bilen didarlaşýar. Metbugat ösüşleri’ wasp edip, krizisi’ agzamaýar
Kino täzelikleri