Belli estrada aýdymçysy Selimow neşe bilen ilteşikli türmä höküm edildi

Belli estrada aýdymçysy Selimow neşe bilen ilteşikli türmä höküm edildi

Türkmenistanda ýaş estrada aýdymçysy Ybraýym Selimow neşe maddalary bilen ilteşikli tussag edildi we türme möhletine höküm edildi. Azatlygyň habarçylary bu barada ilkinji bolup habar beren türkmen.news neşiriniň maglumatlaryny tassykladylar.

Azatlygyň ýurduň kanun goraýjy edaralaryndaky bir çeşmesi 30 ýaşly Selimowyň ýanwarda tussag edilendigini, şeýle-de onuň ýany bilen uly mukdarda pul serişdeleriniň hem tapylandygyny aýtdy.

“Ybraýym [Aşgabadyň etegindäki] Bagyr obasynyň golaýynda saklandy. Onuň ýany bilen başga-da iki adam tussag edildi. Onuň ulagyndan neşe maddalary we uly mukdarda pul serişdeleri tapyldy. Anyk mukdaryny hiç kim bilmeýär, emma petde-petde dollar bardy” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli şahsyýetini aýan etmezligi soran kanun goraýjy edaralaryň birindäki çeşmämiz aýtdy.

Turkmen.news neşiriniň maglumatyna görä, Aşgabadyň günbataryndaky Gökje obasynda ýaşan Selimowyň üstünden sud diňlenişigi hem geçipdir. Emma neşir oňa berlen tussaglyk möhletiniň entek aýan däldigini belleýär. Biziň çeşmelerimiz hem häzirlikçe bu maglumaty anyklap bilmediler.

Azatlygyň çeşmesi Selimowyň tussag edilmeginden soň, Azatlygyň ozal-da habar berişi ýaly, Selimowyň saklanan Bagyr obasynda, Aşgabatda we Gökdepede neşe söwdegärlerine we ulanyjylaryna garşy reýdiň gurnalandygyny belledi.

Ýatlatsak, 30-njy ýanwarda Ahalyň Gökdepe etrabynda kanun goraýjylar tarapyndan neşe söwdagärlerine garşy operasiýa geçirilip, paýtagt Aşgabatdan 40 km uzaklykda ýerleşýän şäheriň eteginde ýarag sesleri hem eşidilipdi. Operasiýanyň netijesinde onlarça adam, şol sanda kanun goraýjy edaralaryň wekilleri-de saklanypdy.

“Bu ýörite operasiýa Selimowyň tussag edilmeginden iki hepde töweregi soň, şol sanda onuň saklanan Bagyr obasynda hem geçirildi. Operasiýanyň dowamynda umumy hasapda 30 töweregi adam saklandy” diýip, çeşmämiz gürrüň berdi.

Azatlyk Aşgabatda we Gökdepede bolan tussag etmeler bilen birlikde, Selimowyň tussag edilmegi boýunça hem ne ýurduň Milli howpsuzlyk ministrliginden we ne-de Içeri işler ministrliginden kommentariýa we goşmaça maglumat alyp bildi.

Çeşmämiz bu tussag edilenleri golaýda, belki-de, 12-nji martda geçirilmeli prezidentlik saýlawlarynda garaşylyşy ýaly Serdar Berdimuhamedowyň ýeňiş gazanmagyndan soň, telewideniýede görkezmäge garaşylýandygyny hem belledi.

Ýurduň döwlet mediasynda wagtal-wagtal dürli etmişlerde aýyplananlaryň, şol sanda ýurduň ozalky ýokary derejeli resmileriniň hem kellesi syrylan, eli gandally ýagdaýda özlerine garşy görkezme berýän we köpçüligiň öňünde toba etdirilýän şekilleri görkezilýär.

2016-njy ýylda ýene bir meşhur türkmen estrada ýyldyzy Nazir Habibow hem neşe maddalary bilen ilteşikli 12 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Onuň hem özüni ýazgaryp edýän çykyşy türkmen telewideniýesinde görkezildi.

Hukuk toparlary bu tejribeleri adamyň mertebesini kemsitmek hökmünde häsiýetlendirýärler.

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine laýyklykda, korrupsiýa we neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň, prekursorlaryň bikanun dolanyşygy bilen bagly jenaýatlary etmekde günäli bilnip, iş kesilen adamlar babatda günä geçme we rehim etme ulanylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Tegelek stol söhbetdeşligi
Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabyna täze häkim bellenildi
Türkmenistanyň Prezidenti wezipelere bellemek hakyndaky resminamalara gol çekdi
05.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti wezipelere bellemek hakyndaky resminamalara gol çekdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
07.02.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi