Belli boksçy 15 ýyldan soň ringe dolanýar

Amerikaly dünýä belli boksçy Maýk Taýson 15 ýyldan soň ringe dolanýar. 54 ýaşyndaky agyr agramyň ozalky çempiony Maýk Taýson geljek hepdäniň ahyrynda, has takygy, 29-njy noýabrda 51 ýaşly Roý Jons bilen tutluşyk geçirer.

ABŞ-nyň Los Anjeles şäherindäki “Dignity Health Sports Park” arenada geçiriljek boks tutluşygy Aşgabat wagty bilen ir säher 06:00-da başlanar.Duşuşyk 8 raund dowam eder.

Soňky gezek 2005-nji ýylda duşuşyk geçiren Maýk Taýson karýerasy boýunça 50 gezek ýeňiş gazanyp, 6 tutluşykda ýeňlişe sezewar boldy. 4 ugur boýunça çempionlyk guşagyny gazanan Roý Jons soňky gezek 2 ýyl mundan öň duşuşyk geçiripdi. Jons karýerasy boýunça 75 duşuşyk geçirip, şolaryň 66-synda ýeňiş gazandy, 9-synda garşydaşlaryndan asgyn geldi.

The post Belli boksçy 15 ýyldan soň ringe dolanýar appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Taryhy duşuşygyň wagty mälim edildi
Sport ― bir demde 10 habar (18-nji maý)
Türk mertbugatynyň gysgaça mazmuny
Bütin dünýäniň sabyrsyzlyk bilen garaşýan tutluşygy
80 million dollarlyk duşuşyk geçirildi
Jeýk Pol resmi boks tutluşygynda meşhur Maýk Taýsony ýeňlişe sezewar etdi