“Belli Asman” kompaniýasy Aşgabatda geçirilýän telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel-2024” atly XVII halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde anna güni “Alaja” atly köpugurly programma goşundysyny tanyşdyrdy.
Bir ýyla golaý wagtda işlenilip taýýarlanylan täze önüm jemgyýetçilik torunyň, söwda meýdançanyň we işewürlik gurallaryň mümkinçiliklerini utgaşdyrýan Türkmenistandaky ilkinji sanly platformany emele getirmäge gönükdirilendir.
“Biziň goşundymyz ulanyjylara bir ýerde aragatnaşyk, söwda işini amala aşyrmak we işewürligi ösdürmek üçin ähli zerur gurallary hödürleýär” diýip, kompaniýanyň wekili “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren interwýusynda aýtdy.
“Alaja” atly goşundyda ulanyjylar üç görnüşli ulanyjy, işewürlik we hünär hasaplaryny döredip bilerler.
Şäheriň interaktiw kartasynyň utgaşdyrylmagy “Alaja” platformasynyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Onda ulanyjylar gyzykly ýerleri ýerleşdirip, çäreleriň bildirişlerini görüp we özleriniň täzeliklerini goşup bilerler.
Işewürlik hasaplarynyň eýeleri özleriniň söwda nokatlarynyň ýerleşýän ýerini görkezmäge mümkinçilik alarlar.
Geljekde goşundyny ulanyjylar elektron söwda gurallaryna elýeterliligi hartlary ýerleşdirmek, tagamlaary eltip bermek hyzmatyna birikmek we nagt däl hasaplaşyklary kabul etmek mümkinçiligini alarlar.
“Çap ediljek ähli maglumatlar olaryň ygtybarlygyny üpjün etmek maksady bilen hökmany gözegçilikden geçiriler” diýip, kompaniýanyň wekili belledi.
Synag möhleti geçenden soň, bu goşundy “iOS” we “Android” platformalarynda enjamlar üçin eleýeterli ediler. Geljekde içerki pul geçirimleri amala aşyrmak üçin ony bank ulgamlary bilen utgaşdyrmak meýilleşdirilýär.