Belgiýanyň Wise-premýeri we Ýaşyllar partiýasynyň agzasy Petra De Sutter, partiýasynyň federal parlamentde Palestinaniň ykrar edilmegi üçin teklip berendigini nygtap, “Palestin döwletini indi ykrar edeliň” diýdi.
De Sutter, X sosial media platformasyndan beren wideo ýüzlenmesinde, Gazada we Günbatar Şeriada dowam edýän adamzat pajygasyna ünsi çekip, hüjümler sebäpli soňky 9 aýda 38 müňden gowrak adamyň ýogalandygyny ýatlatdy.
Gaza Sektoryndaky asuda ilatyň açlyk howpuna sezewardygyna ünsi çeken De Sutter, “Ýakynda geçirlen ylmy barlaga görä, azyk ýetmezçiligi we saglygy goraýyş pudagynyň çökendigi sebäpli şol san 186 müňden geçip biler” diýdi.
“Ysraýyl, Günbatar Şeriada onlarça ýyldan bäri halkara hukugyny basgylaýar” diýen De Sutter, Ysraýylyň 1993-nji ýyldaky Oslo şertnamasyndan bäri iň uly basyp alyşlygy edendigini belledi.
De Sutter “Bu parahatçylyk üçin çözgüt däl, tersine oda benzin dökmek. Gazadaky pajyga we Palestinanyň topraklarynyň bikanun basyp alyşlygy bes edilmeli” diýdi.
Ýaşyllar partiýasynyň federal parlamentde Palestinanyň garaşsyz döwlet hökmünde ykrar edilmegini teklip edendigini aýdan De Sutter, “Palestin döwletini indi ykrar edeliň. Belgiýaly Ýaşyllar hökmünde täze kanun çykaryş döwrüniň ilkinji teklibinde bu çagyryşy berýäris” diýip belledi.