Belgiýanyň Daşary Işler Ministri Türkiýede Saparda Bolar

Belgiýanyň Daşary Işler Ministri Türkiýede Saparda Bolar

Belgiýanyň Daşary işler ministri Bernar Kwintin şu gün resmi sapar bilen Türkiýä geler.

Belgiýanyň Daşary işler ministri Bernar Kwintin resmi saparynyň çäginde Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen duşuşar.

Daşary işler ministri Hakan Fidan kärdeşi bilen terrora garşy göreş meselesi hakynda pikir alyşar.

Ministr Fidan, Siriýanyň terrordan saplanmagy üçin halkara derejesinde edilýän tagallalaryň depgininiň güýçlendirilmegine ünsi çeker.

Hakan Fidan, terror guramalary PKK-a we Fetullahçy terror guramasy FETÖ garşy göreşde Belgiýadan ýakyn hyzmatdaşlyga garaşýandyklaryny beýan eder.

Duşuşykda Gazada başdan geçirilýän soňky wakalar hem gün tertibine getirler.

Hakan Fidan Ysraýylyň Gazadaky basyp alyşlygynyň sebitde durnuksyzlyga sebäp boljakdygyny nygtap, halkara jemgyýetçiligine Ysraýyla basyş edilmegi üçin çagyryş berer.

Daşary işler ministri Fidan, Russiýa-Ukraina söweşiniň diplomatiýa arkaly çözülmegi maksady bilen gepleşik etabynyň gaýtadan başlamagy üçin Türkiýäniň goldaw berjekdigini beýan eder.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe Bilen Şwesiýa Terrora Garşy Göreş Meselesini Ara Alyp Maslahatlaşdy
Hakan Fidan TRT World kanalyna beýanat berdi
Hakan Fidan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi
Hakan Fidan Eýranly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
“Siriýa Bilen Türkiýe Täze Taryh Ýazdy”
Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi Ankarada Geçirildi