Belgiýada sürüjileriň biri ulagyny adamlaryň üstüne sürdi

Belgiýada sürüjileriň biri ulagyny adamlaryň üstüne sürdi

Belgiýanyň La Luwýer sebitinde karnawal geçirmek üçin şu gün irden bir ýere ýygnanan adamlaryň arasyna ulagyň sürülmegi netijesinde 4 adam ýogaldy.

Ýurdyň Milli metbugatynda berilen habarlara görä, karnawal şüweleňini geçirmek üçin Strepy şäherçesiniň köçelerine ýygnanan adamlaryň üstüne ýerli wagt bilen sagat 05:00-de ulagyň sürülendigi mälim edildi.

Ulagyň adamlary süsmegi netijesinde aralarynda çaga hem bolan 4 adam ýogaldy.

La Luwýeriň häkimi Žak Gober, wakada 12 adamyň agyr ýagdaýda, 20 adamyň bolsa ýeňil ýagdaýda ýaralanandygyny habar berdi.

Ulagyň adamlary süseninden soň ýoluny dowam etdirendigini aýdan Gober, ulagy birnäçe wagt soň tapandyklaryny beýan etdi.

Ulagyň sürüjisiniň göz tussaglygyna alynandygy, ulagyň içindäki 2 ýaş oglanyň bolsa gaçandygy we polisiýa işgärleri tarapyndan gözlenýändigi aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Emmanuel Makron ýaňadandan Prezident wezipesine saýlandy
Gazagystanyň Ozalky Goranmak Ministri Murat Bektanow Saklandy
Ruslan Žaksylykow Gazagystanyň Goranmak Ministri Boldy
Indoneziýanyň Täze Paýtagtynyň Ady Nusantara Bolar
Nikaraguanyň paýtagtynda Gagariniň döşheýkeli oturdyldy