Belgiýada Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin ÝB bilim maksatnamasy hereket edip başlady

Belgiýada Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin ÝB bilim maksatnamasy hereket edip başlady

Belgiýanyň Brýugge şäherinde Ýewropa kolleji tarapyndan Ýewropanyň daşarky hereket gullugynyň goldawy bilen täze bilim maksatnamasy hereket edip başlady. Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlaryna gönükdirilen bu maksatnama sebitleriň arasyndaky bilim we diplomatik gatnaşyklary berkitmek üçin döredildi diýlip, Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berdi.

Bu maksatnama Ýewropanyň öňdebaryjy bilim edaralarynyň gatnaşmagynda işlenip düzüldi we Ýewropa Bileleşiginiň edaralarynyň işini öwrenmegiň çäginde gatnaşyjylar üçin iki hepdelik okuwy öz içine alýar. Maksatnamanyň esasy maksady diňe bir özara düşünişmegi ösdürmek däl, eýsem ÝB bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakdan ybaratdyr.

2024-nji ýylyň 13-nji maýynda bolan açylyş dabarasynda Türkmenistanyň ilçisi Sapar Pälwanow çykyş edip, Türkmenistanyň bu maksatnamany goldamaga we mundan beýläk-de ösdürilmegine goşant goşmaga taýýardygyny aýtdy.

Çärede bilim maksatnamalarynyň geljegi we diplomatik gatnaşyklaryň ösmegindäki orny barada pikir alyşyldy. Ýewropa kollejiniň müdiri Federiko Mogerini we Ýewropanyň Daşarky Hereket Gullugynyň Sebit müdiri Luk Dewin bilen geçirilen gepleşiklerde hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu başlangyç Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky bilim we medeni gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda, medeni alyş-çalşy ösdürmekde we sebitleriň arasyndaky diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ädim bolar.

Ýene degişli makalalar

Belgiýada Türkmenistanyň wekilleri Merkezi Aziýa diplomatlarynyň ÝB-niň daşary syýasaty boýunça okuwyna gatnaşdy
Türkmenistan we ÝB ulag hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de güýçlendirmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň ilçisi Ýewropanyň Diplomatik kollejinde brifinge gatnaşdy
29-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
12-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmen önümlerini Ýewropa bazarlaryna çykarmagyň mümkinçilikleri öwrenilýär