Belgiýada Kowid-19 bilen bagly görülen öňüni alyş çäreler protest edildi

Belgiýada Kowid-19 bilen bagly görülen öňüni alyş çäreler protest edildi

Brýussel şäheriniň Polisiýa edarasynyň beren maglumatyna görä belgiýalylar bilen birlikde Fransiýa, Gollandiýa, Germaniýa we Italiýa ýaly ýurtlardan gelen 50 müňden gowrak adam Demirgazyk Otly duralgasynyň öňünde ýygnandylar.

Ýewropa Bileleşigine degişli guramalaryň ýerleşýän Şuman meýdançasyna ýöriş eden adamlar, azatlyk şygarlaryny aýtdylar, "Sanjym islemeýäris", "Belgiýa däl, Belgistan: Ýasama demokratiýa", "1930-njy ýyllaryň Germaniýasyny ýadyňyza düşüriň" ýazgyly şygarlar göterdiler.

Guramaçylaryň protest ýörişine 100 müň töwrek adamyň gatnaşandygyny, protestlere gatnaşan adamlaryň örtük dakmandyklary, käbir adamlaryň bolsa ýüzlerini gizländikleri görüldi.

"Europeans United" (Birleşen Ýewropalylar) atly gurama tarapyndan gurnalan, 600-e golaý Ýewropaly guramanyň goldaw beren protestde Şuman meýdançasynda käbir toparlar, polisiýa işgärlerine hüjüm etdiler, köçelerdäki gülleri ýakdylar, käbir ulaglara we ÝB Daşary gatnaşyklar gullugynyň binasyna zyýan ýetirdiler.

50-nji ýyl seýilgähinde adamlaryň arasynda giren aşa toprlar bilen polisiýa işgärleriniň arasynda dartgynly pursatlar başdan geçirildi.

Polisiýa işgärleri waka ýüze çykarýan protestçilere gözüňi ýaşardýan gaz we ýokary basynçly suw ulandy.

Waka ýüze çykaran toparyň Antifa toparydygy habar berildi.

Protestde polisiýa işgärleri bilen demonstrantlaryň arasynda bolan çaknyşyklarda 3-si polisiýa işgäri 12-si demonstrant jemi 15 adamyň ýaralanandygy mälim edildi. Ýaralanan adamlaryň saglyk ýagdaýlarynyň kanagatlanarlydygy aýan edildi.

Mundan başgada polisiýa işgärlerine daş we taýak bilen hüjüm eden toparlardan 70 adamyň göz tussaglygyna alynandygy, olara garşy kazyýet işiniň gozgalandygy beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyla garşy geçirilýän protestler dowam edýär
Fransiýada polisiýa işgäriniň bir ýetginjegi öldürmeginden soň başlan protestler dowam edýär
Fransiýadaky protestler dowam edýär
Fransiýadaky protestler dowam edýär
Protestlerden soň Daşoguzda migrasiýa gullugynyň goşmaça edaralary açyldy
Protestlerden soň Daşoguzda migrasiýa gullugynyň goşmaça edaralary açyldy
Türkmenbaşy: Azyk paýlary gijikdirilen ýerli ýaşaýjylar döwlet dükanyna hüjüm etdi