Belgiýada belgiýaly sürüji ýeňiş gazandy

Belgiýada geçirilen Dünýä Ralli çempionatynyň möwsümdäki 8-nji ýaryşynda “Hyundai Shell Mobis” toparynyň sürüjisi Tierri Noýwill ýeňiji boldy.Belgiýaly sürüji 20 tapgyrdan ybarat bolan 295,78 kilometrlik ýaryşy 2 sagat 30 minut 24,2 sekuntda tamamlady.

Bu onuň şu möwsümdäki 2-nji, karýerasyndaky 14-nji ýeňşidir.Noýwilliň irlandiýaly topardaşy Kreýg Brin 30,7 sekunt gijä galyp, 2-nji ýeri ýeri eýeledi. “Toyota Gazoo” toparynyň fin piloty Kalle Rowanpera ýeňijiden 43,1 sekunt az netije bilen 3-nji orna mynasyp boldy.

Dünýä Ralli çempionatynda tamamlanan 8 ýaryşdan soň “Toyota Gazoo” toparynyň fransuz piloty Sebastian Ožie 162 utuk bilen öňdäki orny eýeleýär. 124 utukly britaniýaly Elfin Ewans bilen belgiýaly Tierri Noýwill 2-3-nji ýerleri paýlaşýarlar.

Dünýä Ralli çempionatynyň 9-njy tapgyry 9-12-nji sentýabr aralygynda Gresiýada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Toyotada “Hyundai” çempionlyk gazandy
Çempion özüni dürsäp başlady
“Toyotalylara” Ýaponiýada taý tapylmady
2-nji ýeri eýelese-de, çempionlyk gazandy
“Toyotalylara” taý tapylmady
Birinji orna çykaran ýeňiş