Her heýkel eseri ajaýyp bir kyssa ýa-da şygyr.Belki-de, ol saz ýa-da aýdymdyr.Belki-de, ol bularyň bitewüleşen şekilidir. Ýöne esasy zat, olaryň döreýşiniň, özara berk baglanyşyklylygynyň, ýönekeýlikden beýiklige göterilişiniň özi bir täsinlik.
Bizi haýran galdyrýan zatlaryň ýene biri heýkeltaraşyň durmuşa, sungata egsilmez söýgüsi.Durmuşa, sungata çyn aşyk bolmasaň, beýle eserleri döredip bolmasa gerek.Kitapda heýkeltaraşyň döreden eserleriniň mazmuny bilen bagly söhbetleriň berilmegi işiň gymmatyny has hem artdyrýar. Şeýle söhbetleri heýkeltaraşyň özünden eşitmek hemişe-de ýatdan çykmajak täsir galdyrýar.
Golaýda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Orazgözel Utomyşewanyň Ussadyň döredijilik gözlegleri atly kitaby çapdan çykdy.Kitap Türkmenistanyň halk suratkeşi, ussat heýkeltaraş Saragt Babaýewiň döredijiligine bagyşlanypdyr.Diýmek, kitabyň mazmuny heýkeltaraş bilen täsin söhbetdeşlik esasynda açylýar. Şeýdileni gowy bolupdyr. Öz döreden eseri hakda heýkeltaraşyň özünden gowy edip kim aýdyp biler?!
Siz, belki-de, heýkeltaraşyň döreden heýkelleri diýersi¬ňiz.Dogry. Ýöne eserleri döretmekde ylham çeşmesi mydama-da ilkinji orunda durýar.Bu ýerde welin, ähli zat aýdyň hem düşnükli.
Kitapdaky kiçijik sözbaşydan hem belli bolşy ýaly, heýkeltaraş zähmetden ylham alypdyr.Bellemeli zatlaryň ýene biri, heýkeltaraş heýkelini döredýän keşbine öwrülmegi başarýar.Nury Halmämmedowyň heýkelini synlanyň¬da, onuň özüniň hem sazy nähili derejede söýýändigini duýup bolýar.
Heýkeldäki esasy gahrymanyň elindäki dutar, ýanynda duran durnalar seni birsalym milli saz sungatynyň gözbaşlaryna alyp gidýär.Ol ýerde bolsa dutaryň şirin sazyna asmandan düşen durnalar göz öňüň¬de janlanýar.
Dutaryň şirin owazyny fortepiano saz guralynda bütin dünýäde belentden ýaň¬landyran kompozitoryň Dutaryň owazy diýen sazy bu hakda kän zady size gürrüň berse gerek.Nury Halmämmedowyň heýkeli, ine, şular dogrusynda gürrüň berýän ýaly duýgy seri¬ňe dolýar.
Edil heýkelleriň durkunyň mizemez bolşy ýaly, heýkeltaraşyň olary döretmekde saýlap alan temalary hem üýtgewsiz.Heýkeltaraşy asyl, nusgalyk keşpler, milli gymmatlyklarymyz aýratyn özüne çekýär.Ol tema saýlamakda hem wepalylyk, durnuklylyk görkezýär.
Türkmen bedewiniň, alabaýynyň, beýik şahsyýetleriň keşpleri onuň üýtgewsiz temasy.Ol bu temalara ýyllar bilen, ömür boýuna wepaly.Amangeldi Gönübegiň, Mahmyt Zamahşarynyň, Çingiz Aýtmatowyň, bagşy Döwletgeldi Ökdirowyň heýkelleri şeýle heýkellerden.
Ene topragyna, Watanyna, adamzada ak ýürekden hyzmat eden şeýle şahslaryň keşpleri ebedi keşplerdir.Bu ýerdäki özara sazlaşygy tapmak üçin, hakykatdanda, ussat bolmaly.Munuň şeýledigini Asyrlaryň ýa¬ňy, Bedewiň döreýşi ýaly işlerdenem aňyp, bilip oturmaly.
Heýkeltaraşyň ebedilikde nusga edip işlän temalarynyň biri hem ene hakyndadyr.Saragt Babaýewiň Ene, Ejemiň portreti atly eserleri aýdanlarymyza aýdyň mysaldyr.Ussat heýkeltaraş bu eserlerinde enä bolan söýgüsini asyrlarda galjak belent esere öwrüp beýan etmegi başarypdyr. Şeýdip döredileni üçin bu eserleriň muşdagy, tomaşaçysy ýetik.
Onuň Ejemiň portreti atly eseriniň bir görnüşiniň Moskwadaky Çeperçilik akademiýasynda saklanýandygy barada kitapda maglumat berilýär.Halypa heýkeltaraş paýtagt şäherimiziň iň gözel ýerleriniň biri bolan Ylham seýilgähindäki taryhy şahsyýetlerimiziň birnäçesiniň heýkel ýadygärliklerini hem döretdi.
Olaryň arasynda Omar Haýýamyň, Zamahşarynyň, Jahanşanyň, Baýram hanyň, Abdyrahym hanyň, Abu Reýhan Birunynyň, Garajaoglanyň heýkel ýadygärlikleri bar.Saragt Babaýew Bagşy Orazgeldi Ylýasowyň hatyrasyna atly heýkel eserini 1983-nji ýylda döredipdir.
Heýkeliň üýtgeşikligi onda bagşynyň ýüz keşbiniň görünmeýändigidir. Ýöne munuň ornuna halkymyzyň bagşynyň sungatyna bolan beýik söýgüsi, belent sarpasy aýdyň şöhlelendirilipdir.Biwagt aradan çykan bagşa bagyşlanyp döredilen bu heýkel eseriniň bürünçden ýasalan görnüşiniň Moskwadaky Tretýakow galereýasynda saklanýandygy barada hem kitapda maglumat berlipdir.
Heýkeltaraş Arçman atly taslama eserini ýurdumyzda belli Arçman şypahanasy bilen baglanyşykly döredipdir.Taslamany synlanyň¬da, elindäki käseden bu ýeriň şypaly suwundan içip, melhem alan ýaşulynyň keşbini görmek bolýar.
Taslama Goçgar ata diýen bir ýaşulynyň Arçmanyň suwundan içip, derdinden gutulandygy baradaky gadymy rowaýatyň esasynda döredilipdir.Orazgözel Utomyşewanyň Ussadyň döredijilik gözlegleri atly kitabynda heýkeltaraşyň dürli ýyllarda döreden heýkel keşpleriniň suratlarynyň ýerleşdirilmegi işiň gymmatyny has hem artdyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň at üstündäki nurana heýkelinden başlanýan bu heýkeller dürli ýyllarda döredilendigine garamazdan, olary ene topraga, mähriban Watana, halkymyza bolan beýik söýgi özara birleşdirýär.Päk zähmetden, yhlasly gözleglerden hasyl bolan ol eserler ýönekeýlikden beýiklige göterilen täsin aýdym ýaly bolup, sungat muşdaklarynda ýakymly täsir galdyrýar.
Aýjemal Omarowa