Belentden ýaňlanan owazlar

Belentden ýaňlanan owazlar

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde milli medeniýetimizi we sungatymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde we kämilleşdirmekde, aýdym-saz sungatymyzyň gazananlaryny dünýä ýaýmakda uly işler durmuşa geçirilýär.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan pähim-paýhasly, il-ýurt bähbitli işler medeniýet we sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge, öwrenmäge, döretmäge ruhlandyryp has-da öňe sary alyp barýar.

Buýsançly döwrümiziň bedew batly ösüş-özgerişleri aýdym-sazlarymyzda belentden wasp edilýär. Ýurdumyzda toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara beslenip, olar goşa-goşadan gelýär.

Şeýle dabaralaryň biri hem, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şeýle-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň döredilen gününiň 95 ýyllygy mynasybetli taýýarlan hasabat konserti Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda belentden ýaňlandy.

Dabaranyň başynda Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň taýýarlan suratlarynyň sergisi bolup, kirişli saz gurallary bölüminiň taýýarlan, çalan eserleri serginiň gözelligine gözellik goşdy.

Bu dabara Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň döredilen gününiň 95 ýyllygy mynasybetli M.B.Kerimow, S.S.Baýryýewa, M.Ç.Jumaýewa dagylaryň taýýarlan Türkmen saz biliminiň binýady kitaby uly sowgat boldy.

Konsert üflenip çalynýan saz gurallary orkestriniň çalmagynda, Daňatar Hydyrowyň sazyna, Ogultäç Oraztaganowanyň sözlerine döredilen Bagtyýarlyk aýdymy bilen başlady. G.Begenjowyň dirižorlyk etmeginde bu aýdymy Mergen Ataýew, Begenç Gaýypow hem-de hor topary ýerine ýetirdiler. Konsert ýene-de şol orkestriň çalmagynda, Söhbet Maksatmyradowyň türkmen halk aýdymy Gyr atym aýdymy, şeýle-de Ýewgeniý Doga Wals sazyny ýerine ýetirmegi bilen dowam etdi.

Dabarany Seýran Kasiminiň ýolbaşçylygyndaky ýerine ýetirilen Ýatlama kwarteti, M.Jumaýewiň dirižorlyk etmegindäki estrada insturmental ansamblynyň Zekinýa de Abreu Tiko-tiko sazy, T.Orazgeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky kanunçylar toparynyň Gözel diýarym sazy, D.Daňatarowyň ýolbaşçylygyndaky dutarçylar ansamblyň At çapar sazy, M.Rahymowyň ýolbaşçylygyndaky Şirin owazlar skripkaçylar ansamblynyň Georgiý Swiridowyň Romans eseri bezediler. Şeýle-de talyplaryň ýekelikde ýagny, J.Galpakowyň Ferens List Metel eseri, K.Zeýnalowanyň sazandarlyk etmeginde Şatlyk Altyýewiň ýerine ýetirmegindäki Ferens Listiň Wenger rapsodiýasy, Aman Akmyradowyň ýerine ýetirmeginde Nury Halmämmedowyň Elegiki Prelýudiýa we Fuga eseri, Ogulgerek Dynçyň sazandarlyk etmeginde Wepa Allaşowyň, Daňatar Öwezowyň we Adriýan Şapoşnikowyň Şasenem we Garyp operasyndan Şawelediň ariýasyny ýerine ýetirmegi bu konserte öwüşgin çaýdy.

Konsert M.Amangeldiýewanyň ýolbaşçylygyndaky a’kapella hor toparynyň Kristof Willibald Glýugyň Hor baýramçylygy, Nury Muhadowyň sazyna, Magtymguly Pyragynyň sözlerine Aýryldym aýdymy, Ş.Mededowyň ýolbaşçylygyndaky bagşylar ansambl toparynyň Serdar Baýramowyň sazyna, Döwletgeldi Annamyradowyň sözlerine Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy aýdymy, hem-de şol ansamblyň çalmagynda ýekelikde Bägül Döwletmyradowanyň Il ýagşy türkmen halk aýdymy, Irina Şelehowanyň ýolbaşçylygyndaky akkardeonçylar ansamblynyň Isaak Dunaýewskiýniň Deti kapitana Granta kinofilminden uwertýura, Spartak Atakowyň ýolbaşçylygyndaky gyjakçylar ansamblynyň Ak eşekli türkmen halk sazyny, A.Baýramowyň dirižorlyk etmegindäki Parahatçylyk saz, dostluk, doganlyk sazy atly festiwalynyň ýeňijisi akkardeonçylar orkestrynyň Iogann Ştrausyň Letuçaýa myş operettasyndan uwertýura, A.Mämmedowyň depçiler toparynyň Saz öwüşginleri sazy, A.Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky üflenip çalynýan saz gurallary ansamblynyň Jelly Roll Mortanyň Tiger Rag eseri, Watana bolan söýgüsi üçin medalynyň eýesi Gadam Jumagulyýewiň dirižorlyk etmeginde halk saz gurallar orkestriniň ýerine ýetirmeginde Gurban Kulyýewiň Watana söýgi eseri, ýene-de şol orkestriň çalmagynda, ýekelikde Sahydursun Mätiýewanyň Ala gaýyşly türkmen halk aýdymy, tansçylaryň tansy bilen dowam etdi.

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aşyrmyrat Ýazmyradowyň we Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýagmyr Gurbannazarowyň Magtymguly Pyragynyň keşbinde, çeper okaýşy, E.Jumanyýazowyň dirižorlyk etmeginde, simfoniki orkestriň Daňatar Öwezowyň, Adrian Şapoşnikowyň Aýna operasyndan uwertýura, Türkmeniň Altyn asyr bäsleşiginiň ýeňijileri Begdurdy Çerkezowyň, Arzygül Gylyjowanyň Daňatar Öwezowyň hem-de Ýuliý Meýtusyň Leýli we Mejnun operasyndan dueti, şol orkestriň çalmagynda, Perman Miriýewiň dirižorlyk etmeginde Suhan Tüýliýewiň sazyna, Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen Ýellim tut aýdymy Türkmenistanyň Halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň ýerine ýetirmegi konsertde uly şowhun döretdi.

Konsert Sazyň taryhy we nazaryýeti bölüminiň III ýyl talyby Yhlas Artykowyň sazyna, Toýly Jänädowyň sözlerine döredilen Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýdymyny mekdebimiziň talyplary Wepa Allaşowyň, Yhlas Welhanowyň, Muhammetaly Muhammedowyň we simfoniki orkestriň hem-de hor toparynyň ýerine ýetirilmegi bilen jemlendi. Ýaş kompozitoryň döreden eseri tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda geçirilýän bu konsertiň ahyrynda ýurdumyzy, halkymyzy ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýan, milli aýdym-saz sungatymyzyň dünýä ýaýylmagy ugrunda dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow Budapeştde Ýewropada iň şüweleňli feýerwerke tomaşa etdi
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ WENGRIÝA IŞ SAPARY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Wengriýa iş sapary
Meşhur sazandalaryň durmuşyndan
Meşhur sazandalaryň durmuşyndan
Arkadag şäherinde ýurdumyzyň baý medeni durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýan VI Wena baly açyldy