Belawiýa Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Belawiýa Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Belarusyň Belawiýa awiakompaniýasy Türkmenbaşy şäheri bilen Minsk şäheriniň arasyndaky uçuşlaryň sanyny artdyrýar.

Kompaniýanyň Metbugat gullugynyň habaryna görä, 23-nji noýabrdan Belawiýanyň uçary Minsk — Türkmenbaşy ugrunda hepdede iki gezek, ýagny sişenbe we şenbe günlerinde uçuşlary amala aşyrar.

Iş tertibine görä, şenbe güni uçar Minskden sagat 9:30-da uçup, ýerli wagt bilen 15:35-de Türkmenbaşy şäherine geler.

Sişenbe güni uçar Belarusyň paýtagtyndan 22:45-de ugur alar we ertesi gün 04:50-de Türkmenbaşy şäherine geler.

Uçuşlar Embraer-195 uçarynda amala aşyrylar we uçuşyň dowamlylygy 4 sagat 5 minut bolar.

Ýolagçylar petekleriň bahasy barada howa gatnawçysynyň resmi web sahypasyndan maglumat alyp bilerler.

Ýene degişli makalalar

Näme üçin Türkiýe indiki syýahatyňyz üçin iň göwnejaý ýer?
Turkish Airlines: Aşgabat Stambul Aşgabat ugry boýunça uçuşlaryň amatly tertibi
“SpaceX”-iň täze synagy
Türkmenistan awiakompaniýasy totgadylmadan soň Aşgabat — Moskwa ugry boýunça ilkinji uçuşy amala aşyrdy
Özbegistan we Saud Arabystany howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmakçy
Hytaýyň we Russiýanyň Bombardyman Uçarlary Ýaponiýanyň Golaýynda Bilelikde Uçuş Amala Aşyrdy