Belawiýa Russiýadan Türkmenistana we yzyna gaýdyp gelýän birnäçe üstaşyr gatnawlarynyň bahasyny arzanlatdy

Belawiýa Russiýadan Türkmenistana we yzyna gaýdyp gelýän birnäçe üstaşyr gatnawlarynyň bahasyny arzanlatdy

Belarusyň Belawiýa awiakompaniýasy Russiýadan Türkmenistana we yzyna gaýdyp gelýän birnäçe üstaşyr gatnawlarynyň bahasyny arzanlatdy. Bu barada Aviaport habar berdi.

Degişli arzanladyş aşakdaky ugurlar üçin 2024-nji ýylyň 26-njy oktýabryna çenli hereket edýär:

Moskwa — Minsk — Türkmenbaşy we Moskwa — Minsk — Türkmenbaşy — Minsk — Moskwa;

Sankt-Peterburg — Minsk — Türkmenbaşy we Sankt-Peterburg — Minsk — Türkmenbaşy — Minsk — Sankt-Peterburg.

Eger üstaşyr uçuş bir günden köp bolmasa, Türkmenistanyň raýatlaryna Belarusyň üstaşyr wizasy gerek däl ýa-da gelen howa gatnawynyň petegini (talonyny) görkezip biler.

Ýene degişli makalalar

Minskde GDA-nyň Içeri işler ministrleriniň geňeşiniň ýubileý mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň ilçisi Belarusyň daşary işler ministri bilen duşuşyk geçirdi
1-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanlylaryň Belarusyň giňeldýän wizasyz gatnaşyklaryna 'gözi gidýär' - synçy
Türkmenistanlylar Belarusyň giňeldýän wizasyz gatnaşyklaryna 'gultunyp' seredýärler - synçy
UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy