Belarusda ýerli Hatiko otlulary garşylaýar hem-de ugradýar

Belarusda ýerli Hatiko otlulary garşylaýar hem-de ugradýar

Belarusyň paýtagtynyň etegindäki demir ýol duralgasynda ýerli Hatiko ýaşaýar, ol meşhur Hatiko atly filmiň gahrymany bolan itden az meşhur däl diýip, MIR 24 ýazýar. It eýýäm iki ýyldyr, öz eýesine garaşýar.

Eýesine wepaly it baradaky bu täsin taryhy Klypowşina obasynyň ýaşaýjylary tolgunyp gürrüň berýärler, käbirleri ol barada gürrüň berýärkä, gözüne ýaş aýlanyny duýman galýar. Hakykatdanam, bu taryh gaty hesretli. Obanyň adamlary eýýäm iki ýyldyr, bagtsyz köpegi ýallap gelýärler, ýerli neçjarlaryň biri bolsa onuň aýazly howada üşemezligi üçin agaç ketek hem ýasady.

Ol şeýtdi-de bärde galyberdi, sebäbi janaweriň gidere ýeri ýok. Ol şo-ol garaşyp ýör, garaşyp ýör. Islendik jandar ýaly, olam eýesine öwrenişdi, şonuň üçinem eýesi dolanyp geler diýip umyt edip garaşýar-da diýip, ýerli ýaşaýjy Irina atly zenan gürrüň berýär.

Bu taryhyň bagtly tamamlanaryna hiç hili umyt ýok. Sebäbi itiň eýesi mundan iki ýyl öň aradan çykdy. Şondan soňra ite täze öý tapmakçy boldular, emma ol her gezek gaçyp, şu ýere, demir ýol menziline dolanyp gelýär. Özem gelip-gidýän otlulardan eýesi düşer diýen umyt bilen şol gözlerini dikip garaşyp otyr.

Şonuň üçin obanyň ýaşaýjylary ite Hatiko diýip at dakdylar hem-de ony ideg-alada bilen gurşadylar.

Ýene degişli makalalar

Hatikonyň 100 ýyllygy bellendi
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat Deli ugry boýunça uçuş tertibini üýtgetdi, görnükli türkmen şahyry Magtymgulynyň döredijiligi Nýu-Meksiko uniwersitetinde ara alnyp maslahatlaşyldy we beýleki habarlar
Kinoteatrlarda 5 8-nji oktýabrda görkeziljek filmler