tut.by-nyň fotosuraty
Belarusda Yaraw holdingiň direktorlar geňeşiniň başlygy Ernest Alekseýew tussag edildi. Bu barada, Belarusdaky we Türkmenistandaky çeşmelerine salgylanyp, TUT.BY habar gullugy habar berýär.
Bu kompaniýa Türkmenistanyň bazarynda 1997-nji ýyldan bäri işleýär we şu geçen döwür içinde Merkezi Aziýa MAZ-yň, “Amkodoranyň”, GAZ-yň, KRaZ-yň we beýlekiň markalaryň ýük ulaglaryny, ýolagçy maşynlaryny, ýörite tehnikalaryny iberýän iň uly firma öwrüldi.
Türkmenistanyň maglumatyna laýyklykda, Alekseýew bu ýurtda “Belarusyň ýeke-täk prowaýderi bolupdyr”, emma häzir oňa bäsdeş tapyldy. Ýöne çeşmäniň pikirine görä, “Alekseýew aňsatlyk bilen hiç zat bermez. Çünki onuň işjeňligi diňe belarus tehnikasyny ibermek bilen çäklenmeýär, ol nebit we azyk önümleriniň hem söwdasy bilen meşgullanýar“.
Belarus neşiriniň başga bir söhbetdeşiniň maglumatyna görä, biznesmeni “çigşigi ýetik belarus-türkmen gatnaşyklaryna gurban berdiler”. ” O taýdaky iş görnetin özüne çekiji. Goý, çüýç gulluklary çölde biznes etjek bolup görsünler, a soňra günäker gözlesinler” diýip, Alekseýewiň tanşy habar agentligine aýtdy.
Derňew komitetiniň wekiliniň sözlerine görä, Baş prokuratura tarapyndan Blarusyň Jenaýat kodeksiniň 216-njy maddasynyň 2-nji bölümi (ogurlyk alamaty bolmazdan emläk zyýanyny ýetirmek) boýunça iş gozgaldy. Güman edilýän saklanyldy. Zerur bolan derňew işleri alnyp barylýar.
2015-nji ýylda Aşgabatda Hyzmat merkezini gurmak planlaşdyryldy, ol ýerde belarus tehnikalary, olaryň ätiýaçlyk şaýlary satylmalydy, tehniki hyzmat ýola goýulmalydy, kadrlar (sürüjiler, mehanikler, elektrikçiler) taýýarlanylmalydy.Bu proýektiň bahasy 10,5 million dollara barabardy.
Emma Hyzmat merkezi doly möçberinde şu wagta çenli gurulman galdy. Ýogsa 20102016-nji ýyllar aralygynda Türkmenistana Minskiniň awtozawodyndan bäş ýarym müňden gowrak tehnika geldi, olaryň umumy bahasy 400 million dollardan geçýär diýip, neşir belleýär.