Belarusda Döwlet baýdagynyň gününi baýram etdiler

Belarusda Döwlet baýdagynyň gününi baýram etdiler

12-nji maýda Belarusda Döwlet baýdagynyň, Tugrasynyň we Senasynyň gününi baýram etdiler. Baýramçylyk çäreleri bütin ýurdy gurşap aldy diýip, MIR 24 habar berdi.

Baýramyň öňüsyrasynda ýerli kärhanalar döwlet nyşanlarynyň önümçiligini artdyrdylar. Diňe paýtagtyň özünde täze baýdaklaryň müňlerçesi tikildi.

Döwlet baýdagynyň önümçiligi ýurtda giňden ýola goýlandyr. Mysal üçin, diňe Minsk şäherindäki kompaniýalaryň biri ýylda 20 müň töweregi baýdak öndürýär. Olary paýtagtdaky binalaryň köpüsinde dikýärler. Baýdaklary adatça ilat satyn alýar. Halkyň arasynda beýleki döwlet nyşanlary-da ýerleşdirilen egin-eşikler, bulgurlar we sowgatlyklar meşhurdyr.

Belarusda döwlet nyşanlaryna hormat goýmak kanun taýdan berkidilendir. Ony diňe ýerli ýaşaýjylar däl, eýsem, ýurduň myhmanlary hem berjaý etmelidir.

Ýene degişli makalalar

“Konstitusiýa we Döwlet baýdagy mizemez mukaddeslikdir”
Gyrgyzystan Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň hormatyna şaýylyk pullary çykardy
Gözelligiň nusgasy türkmen bedewi
Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş gününiň hormatyna Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy
Aşgabatda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 31 ýyllygy bellenildi
11.09.2017 | Aşgabat Aziadasynyň ýadygärlik poçta markalarynyň toplumy