Belarus ŞHG-niň doly hukukly agzasy boldy

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Astanada guralýan sammiti Belarusyň bileleşigiň düzümine kabul edilmegi bilen başlandy. Bu barada TASS habarlar gullugy habar berýär.

Belarusyň gurama kabul edilmegi baradaky degişli resminama ŞHG-ä agza döwletleriň ýolbaşçylary tarapyndan gol çekildi.

-Belarus gysga wagtyň içinde ŞHG-ä agza bolmak üçin zerur bolan ähli işleri ýerine ýetirdi diýip, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew belledi.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammiti 3-4-nji iýulda Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirilýär.

Ýene degişli makalalar

Gazagystanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Astanada geçiriljek sammite gatnaşmaga çagyrdy
Astanada ŞHG-niň sammiti geçdi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Türkmenistan ŞHG-niň Astana sammitine gatnaşar
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda ŞHG+ sammitiniň çäginde geçirilen duşuşykda nähili meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy