Belarus şekeri yzygiderli eksport etmäge taýýar

Belarus şekeri yzygiderli eksport etmäge taýýar

Belarus Respublikasy azyk howpsuzlygy babatda gandyň öndürilýän möçberlerini artdyrdy hem-de süýji şekeri yzygiderli eksport etmekçi. Bu barada ýurduň antimonopol sazlaýyş we azyk ministri Alekseý Bogdanow aýtdy. Ministr ýurduň hökümeti bilen eýýäm şekeri daşary ýurda ibermegiň tertibini ylalaşdy diýip, MIR 24 ýazýar.

Bogdanowyň sözlerine görä, belarus şekerine Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Russiýada we Aziýa ýurtlarynda garaşýarlar. Içerki bazar üçin 400 müň tonna şeker taýýarlandy, geçen ýyldakydan ätiýaçlyk gorlary artdyryldy. Fewralda Belarusyň hökümeti ýurtdan gant çykarmaklyga berk çäklendirme girizipdi, indi ony doly ýatyrdylar we biržanyň üsti bilen satmaga rugsat berdiler.

Belarusda şekeri gaýtadan işleýän zawodlaryň dördüsi hereket edýär.

Ýene degişli makalalar

Abbas Moskwa Sapar Eder
Ispaniýanyň ikinji çempionlygy
Russiýaly ussat pianinoçy Ýuriý Bogdanow Aşgabatda çykyş etdi
09.01.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: medeniýet ulgamy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: medeniýet ulgamy
Sportuň taryhynda şu gün 18-nji awgust
Russiýa Katar bilen syýahatçylyk gatnawlaryny täzeden başlaýar