Fotosurat: A.Lukoşenkonyň Türkmenistana 2015-nji ýylda eden sapary
Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň ýolbaşçylygynda Türkmenistana Belarus respublikasynyň hökümet delegasiýasy geldi. Bu barada ТДХ habar berýär.
Penşenbede, 30-njy martda Aşgabatda ýokary derjeli gepleşikler geçiriler, döwlet baştutanlary anna güni Garlykda kaliý dökünlerini öndürjek dag-magdan baýlaşdyryş kominatynyň açylyş dabarasyna gatnaşar.
Kombinatyň bahasy 1 milliard dollardan gowrak bolup, “Спутник-Беларусь” neşiriniň maglumatyna görä, türkmen tarapy “Belgorhimproma” proýektiň bahasynyň esasy bölegini 700 million dollar geçirdi.