Belarusyň “tut.by” maglumat portalynyň habar bermegine görä, şu ýylyň aprelinde belarus güýç gurluşlary tarapyndan tussag edilen biznesmen Ernest Alekseýew Türkmenistana iberilen MAZ tehnikalary üçin töleg alyp, degişlilikdäki gurluşlaryň hasabyna $2 milliondan az bolmadyk serişde geçiripdir diýip, Belarusyň baş prokurory Aleksandr Konýuk anna güni Minskde “Galp telekeçilige we bikanun işewürlige garşy durmak” baradaky halkara konferensiýada aýtdy.
Alekseýew häzirki wagtda tussag astynda saklanýar. Onuň emlägi hem tussag edildi.
“Ýöne biziň alýan zatlarymyz kafe, kottejler, maşynlar, uçastoklar hem onuň ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagyna ýetmeýär” diýip, baş prokuror aýtdy.
Belarus tehnikasy Türkmenistana yzygiderli we örän uly möçberlerde iberildi. Belarus 2015-nji ýylda MAZ tehnikalarynyň 550 sanysyny ibermegi niýet edindi, 2013-nji ýylda 2,5 müňden gowrak tehnika iberildi.
Umuman alnanda, 2010 2016 ýyllar aralygynda Türkmenistana Minsk awtozawodyndan bäş ýarym müňden gowrak tehnika geldi, olaryň jemi bahasy $400 milliondan gowrak boldy.
Aşgabat 2015-nji ýylda hyzmat merkezini gurmagy planlaşdyrdy, bu ýerde belarus tehnikasy satylmalydy, olara hyzmat edilmelidi, belarus tehnikasynyň ätiýaçlyk şaýlary satylmalydy, hünärmenler (sürüjuiler, mehanikler, elektrikler) ýetişdirilmelidi. Bu proýektiň bahasy 10,5 million dollara barabardy. Emma hyzmat merkezi doly möçberine gurulman galdy.
2016-njy ýylda habar berilmegine görä, MAZ-yň halkara bazarlarynda bäsleşik ukybyny ýitirmegi sebäpli ýapylmagyň gyrasynda durandygyna garamazdan, bu kärhana Türkmenistanyň hökümeti bilen ýylda 2 müňden gowrak ýük we oba hojalyk tehnikasyny ibermek barada birnäçe ýyllap şertnama baglaşmak başartdy.