Beketlerde emele gelýän awtoulag nobatlary birnäçe sagatlap dowam edýär, benzin gytçylygy ýitileşýär

Beketlerde emele gelýän awtoulag nobatlary birnäçe sagatlap dowam edýär, benzin gytçylygy ýitileşýär

Mary we Lebap welaýatlarynyň ençeme etraplarynda benzin gytçylygy dowam edýär diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy birnäçe ýerli ýaşaýjynyň beren maglumatlaryna salgylanyp, 12-nji sentýabrda habar berdi.

Günorta-gündogar sebitiň ýaşaýjylary Baýramaly, Sakarçäge, Murgap, Tagtabazar we Wekilbazar etraplarynda ýerleşýän ýangyç guýujy beketleriň öňünde soňky birnäçe gün bäri awtomobil ulaglarynyň nobatlarynyň emele gelýändigini aýdýarlar.

Şol bir wagtda, her bir ulaga çäkli möçberde 20 litr ýangyç guýmak çäklendirmesi hem dowam edýär.

Ýatlasak, Azatlyk Radiosynyň habarçylary awgustyň başlarynda Mary welaýatynda A-80 görnüşli benziniň her bir awtoulaga 20 litr möçberinde, çäklendirilen görnüşde satylyp başlanandygyny habar berdiler. Görnüşinden, bu düzgün heniz hem dowam edýär.

Ýerli ýaşaýjylar käbir ýangyç beketlerinde ulag ýangyjynyň döwlet bahasyndan 3-4 esse gymmat bahadan bikanun satylmagy bilen bagly ýagdaýlara ünsi çekýärler.

“Beketlerde bar bolan ýangyjyň mukdary azalanda, işgärler stansiýany ýapyp, bir litr ýangyjyň bahasyny 5-6 manatdan satyp başlaýarlar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýdýar.

Azatlyk Radiosy sebitde dowam edýän ýangyç gytçylygy boýunça ýerli häkimiýetlerden goşmaça teswir alyp bilmeýär.

“Benzin nirä gidýär, belli däl. Daşoguzdaky garyndaşlaryma jaň edip gördüm, olarda-da ýagdaý şeýle” diýip, sakarçägeli bir ýaşaýjy aýdýar.

Ýatlasak, mundan ozal, Azatlyk Radiosy üstümizdäki aýyň başlarynda demirgazyk Daşoguz welaýatynda emele gelen ýangyç gytçylygy barada hem habar beripdi.

Sosial mediada peýda bolan bir wideoda bu sebitde ýerleşýän bir ýangyç bekediniň öňünde emele gelen awtoulag nobatlaryny görmek bolýardy.

Media maglumatlaryna görä, ýangyç serişdelerine baý Türkmenistan soňky wagtlarda daşary ýurt döwletlerine nebit önümleriniň eksportlaryny artdyrýar. Ýurduň dürli sebitlerinde soňky bir-iki ýyl bäri wagtal-wagtal ýüze çykyp, soňky birnäçe aý bäri has-da ýitileşýän ýangyç gytçylygy Döwlet çig-mal biržasynyň Türkmenistanda öndürilýän nebit önümleriniň daşary ýurtly işewürleriň arasynda uly isleglerden peýdalanýandygyny gaýta-gaýta habar berýän pursatlaryna gabat gelýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli ýaşaýjylara salgylanyp, ýurduň beýleki bir sebitinde, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde hem soňky wagtlarda ýangyç gytçylygynyň has-da ýitileşendigini habar berýärler.

Ýöne ýerli häkimiýetler gytçylygyň fonunda emele gelen bu ýagdaý baradaky habarlaryň sebitiň çäginden daşaryk çykmagynyň öňüni almak ugrunda aýratyn tagalla edýärler.

“Şu gün meni we beýleki erkek mugallymlary direktoryň otagyna çagyryp, benzin gytçylygy barada daşary ýurtlardaky tanyş-bilişleriňize we garyndaşlaryňyza aýdyp ýörmäň, artykmaç gürrüň bolmasyn, gaýrat ediň’ diýip, aýtdylar” diýip, türkmenabatly bir mugallym mekdep müdiriniň özlerine aýdan sözlerini sitirledi.

Bu ýagdaý türkmen häkimiýetlerine mahsus bolup, ýurduň dürli sebitlerinde ykdysady kynçylyklaryň alamatlary, şol sanda azyk ýetmezçiligi ýaly ýagdaýlar ýüze çykan halatynda ýerli häkimiýetler, esasan-da, emele gelen ýagdaýlar baradaky habarlaryň daşary ýurtlara syzyp çykmagyna, olaryň metbugat serişdeleri arkaly habar berilmegine garşy göreşýärler.

Bu aralykda, ýerli resmiler we döwlet media serişdeleri dowam edýän ýangyç gytçylygyny agzamaýarlar.

Şol bir wagtda, türkmen mediasy, ýurduň öz içinde ýangyç gytçylygy dowam edýän mahaly, ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň owgan halkyna ynsanperwer ýardam hökmünde iberen ýangyç serişdeleri we iýmit önümleri barada habar berdi.

Türkmenistan ulag ýangyjynyň bahasy boýunça dünýäde iň öňdäki ýurtlaryň hatarynda galýar.

Hökümetçi neşirler ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň A-95 benzininiň iň arzan bahasy boýunça dünýäde dördünji ýurt bolandygyny habar berdiler.

Bu ýurtda EKO-93 kysymly awtomobil ýangyjynyň bir litri 2 manatdan, A-95 ýangyjynyň litri 1 manat 50 teňňeden, A-92 benzini 1 manat 35 teňňeden, A-80 benzini 1 manat 15 teňňeden, şeýle-de dizel ýangyjy 1 manatdan satylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Benzin gytçylygy dowam edýär
Balkanda iki gün bäri benzin gytçylygy güýçlenýär
Ýangyç bekediniň öňündäki awtoulag nobatlary üç kilometre çenli uzaýar (WIDEO) çeşmeler
Ýolötende awtoulag ýangyjynyň üstünde ýakalaşyk boldy
Mary: Benzin gytçylygy dowam edýär
Türkmenistanyň dürli sebitlerinde ýiti benzin gytçylygy döredi