Begres onlaýn dükany Ýewropadan brend egin-eşikleri Gurban baýramy mynasybetli 50%-e çenli arzanladyş bilen getirýär

Begres onlaýn dükany Ýewropadan brend egin-eşikleri Gurban baýramy mynasybetli 50%-e çenli arzanladyş bilen getirýär

Begres Ýewropanyň meşhur brendleriniň egin-eşiklerini Türkmenistana getirip bermäge ýöriteleşen täze onlaýn dükandyr. Dükan Lacoste, Hugo Boss, Giorgio Armani, Adidas we beýleki meşhur brendleriň diňe bir erkekler üçin däl, eýsem, zenanlar hem-de çagalar üçin niýetlenen egin-eşik toplumlaryny hödürleýär.

Ähli egin-eşikler gönüden-göni Germaniýadan, Italiýadan, Fransiýadan we beýleki ýurtlardan getirilýär. Begres ykjam goşundysy arkaly sargyt hasaba alnandan soň, takmynan, bir hepdäniň içinde harytlar Türkmenistana getirilýär.

Moda söýüjileriň göwnünden turmak üçin onlaýn dükan Gurban baýramy mynasybetli hödürlenýän ähli önümlere 50%-e çenli arzanladyş yglan etdi.

Begres öýüňizden çykman, Ýewropanyň ýokary derejeli egin-eşiklerini satyn almak mümkinçiligini hödürleýär. Ykjam goşundyda hödürlenýän katalogy gözden geçirmek, göwnüňize ýaran nusgany saýlamak we söwdany resmileşdirmek ýeterlikdir. 7 günüň içinde sargyt görkezilen salga gowşurylar.

Brendleriň muşdaklary Begresde hödürlenen egin-eşik toplumlarynyň hiline, stiline we köpdürlüligine ýokary baha bererler. Gurban baýramy mynasybetli garderobyňyzy Köne Dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň moda önümleri bilen 50%- çenli arzanladyş arkaly doldurmak mümkinçiligini elden gidirmäň!

Ýene degişli makalalar

Halkara guramalary Türkmenistanyň pagta pudagyndaky mejbury zähmete garşy webinar geçirdi
Adidas 80 sagatlap awtonom işläp bilýän, Gün batareýaly nauşnik çykardy
Dolce & Gabbana kolleksiýalarynda sütük ulanmakdan ýüz öwürmek kararyna geldi
L'Oreal kompaniýasynyň satuwlary 10 milliard ýewro ýetdi
Gucci Italiýanyň iň gymmat moda brendi boldy
L’Oreal III çärýekde satuwy 19,7% ýokarlandyrdy