
29-njy oktýabrda Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň arasynda ABU TV Song Festival aýdym-saz bäsleşik telefestiwaly geçiriler. HHM-iň habar bermegine görä, aýdym-saz telefestiwalyna gatnaşyjylar eýýäm belli boldy.
Bäsleşikde türkmen estradasynyň meşhur aýdymçylarynyň biri bolan Begmyrat Annamyradow Türkmenistana wekilçilik eder.
Festiwalyň guramaçysy bolup Aziýa-Ýuwaş umman teleradio gepleşikler birleşigi(ABU) çykyş edýär.
Bu aýdym-saz bäsleşigi 2012-nji ýyldan bäri her ýyl dabaraly ýagdaýda bellenip geçirilýär. Ol 2018-nji ýylda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilipdi.