29-njy oktýabrda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen 12-nji Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň arasynda ABU TV Song Festival aýdym-saz telefestiwaly geçirildi.
Bu telefestiwala Türkmenistan hem gatnaşdy. Has takygy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Begmyrat Annamyradow KBS Hall aýdym-saz merkeziniň sahnasynda Arkadagyň ak şäheri atly aýdymy bilen çykyş etdi.
Telefestiwala gatnaşýan ildeşimiz Begmyrat Annamyradowy goldamak üçin dabara Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň wekilleri, Koreýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşdylar. Olar aýdymçy Begmyrat Annamyradowy mähirli garşyladylar.
Festiwala dünýäniň on bir ýurdundan gelen sungat ussatlary, gatnaşdylar. Olar özleriniň festiwala getiren aýdymlary bilen bir sahnada çykyş etdiler.
Festiwalyň ahyrynda oňa gatnaşan ýurtlaryň sungat wekillerine, şol sanda Türkmenistanyň at gazanan artisti Begmyrat Annamyradowa ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Belläp geçsek, festiwalyň guramaçysy bolup Aziýa-Ýuwaş umman teleradio gepleşikler birleşigi (ABU) çykyş edýär. Bu aýdym-saz bäsleşigi 2012-nji ýyldan bäri her ýyl dabaraly ýagdaýda bellenip geçirilýär. Ol 2018-nji ýylda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilipdi.