
Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow Türkmenistana resmi sapary wagtynda Aşgabatda gurulýan sil suwlaryny sowujy toplumda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Häzirki wagtda Aşgabadyň günorta böleginde Sankt-Peterburgyň Wozroždeniýe kompaniýasy tarapyndan gurulýan toplumda işler tamamlaýjy tapgyrda barýar.
Beglow suw göteriji stansiýasynyň işleýiş usuly bilen tanyşdy, zeýkeş kanalynyň bölümini gözden geçirdi.
Toplumyň gurluşygyna 2020-nji ýylyň mart aýynda girişilendigini ýatadýarys.