Begenç we Mähri Moşiýewleriň maşgala konserti

Begenç we Mähri Moşiýewleriň maşgala konserti

Begenç Moşiýew Maýa Kulyýewa adyndaky Tükmen milli konserwatoriýasyndaky özbaşdak konsertinde Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň romanslarynyň birini owadan tenor sesli ýerine ýetirdi.

55-nji synp otagyna pandemiýa, täze ýyl aladalary we Aşgabada gar ýagmagy sebäpli köp adam gelip bilmedi, ýöne gelenler welin hakyky aýdym-saz muşdaklarydy. Begenç olar üçin Georg Fridrih Gendeliň Temirleň operasyndan Temirleňiň, Wolfgang Amadeý Mosartyň Bastýen we Bastýenna operasyndan Bastýeniň, Jakomo Puççininiň Toska operasyndan Kawaradossiniň ariýalaryny we beýlekileri ýerine ýetirdi.

Ýewropa nusgawy aýdymlaryndan soň Begenç Moşiýew Hydyr Allanurowyň we Çary Nurymowyň Söwer ýar hem-de Zary bilen aýdymlaryny aýtdy.Oňa roýalda Swetlana Kasparowanyň okuwçysy bäşinji ýyl talyby Mähri Moşiýewa sazandarlyk etdi. Ýok, biz säwlik goýbermedik.

Mähri bilen Begenjiň familiýasynyň birliginiň sebäbi olar är-aýal.Konserti alyp baryjy zenan Magtymguly operasyndan Magtymgulynyň ariýasyny yglan edende otyranlar gozgalaň tapdylar. Çünki, 2012-nji ýylda bu opera Magtymguly adyndaky teatrda goýlanda Magtymgulynyň ariýasyny konserwatoriýanyň 4-nji ýyl talyby Begenç Moşiýew ýerine ýetiripdi. Şonda Türkmenistanyň aýdym-saz durmuşynyň taryhynda talyba operada baş keşp ilkinji gezek ynanylypdy!

--Magtymgulynyň ariýasyndan soň siziň döredijiligiňiz nähili boldy? diýip biz konsertden soň Begenç Moşiýewe sowal berdik.

-- 2013-nji ýylda goýlan Görogly operasynda men wäşi Kösäniň keşbini döretdim. Eger mümkin bolsa, öz döredijiligimi başyndan gürrüň beräýin.

--Baş üstüne!

--Öz wolkalçy zehinimi meniň özüm açdym.Men Daşoguzyň sazçylyk mekdebinde fortepiano ugrundan okaýardym, boş wagtym öýde keýpine aýdym aýdýardym, özem gowy aýdamsoň meni toýlara çagyryp ugradylar.Bir gezek Aman Agajykowyň Aýly agşam aýdymyny eşitmedik bolsam, bütin ömrümi şeýdip geçirmegimem mümkindi.

Bu romans meniň ykbalymy üýtgetdi.Men opera aýdymçysy bolmalydygyma düşündim. Ýöne meniň saz ugrundan başlangyç bilimim bardy, şeýle bilimlini konserwatoriýanyň diňe estrada aýdymçysy bölümine alýardylar.Menem resminamalarymy şol bölüme tabşyrdym.

Ilkinji giriş synagynda kabul ediş topary sesimi diňläp görüp, meni wokal bölümine geçirdi.

Meniň bile okaýan talyp ýoldaşlarym italýan ariýalaryny aýdýardylar, men bolsa Aýly agşamdan başga zat bilmeýärdim. Men 5 ýylda olaryň yzyndan ýeterin diýip äht etdim. Dogrusy, konserwatoriýada bu öz-özünden boluberýän ekeni.

Konserwatoriýany tamamlanymdan soň 6 ýyllap Magtymguly adyndaky Sazly-drama teartyna gulluk etdim. Ol meniň üçin artistligiň gowy mekdebi boldy. Köpçülikleýin sahnalarda, ikinji derejeli rollarda çykyş etdim, baş keşpleri döreden wagtymam boldy. Mysal üçin, Uzeir Gajybekowyň Arşyn mal alan operettasynda Askeriň, şeýle hem Nurullo Abboshonyň Körpe gelin spektaklynda Bahtiýaryň keşbini döretdim.

--Onda näme üçin teatrdan gitdiňiz?

--Meniň aýdym aýdasym gelýärdi. Mysal üçin, teatrda özbaşdak çykyş edip bilmeýärdim. Indi Türkmen milli konserwatoriýasynyň estrada aýdymlary kafedrasynda mugallym bolup işleýärin. Kamera ansambly kafedrasynda gelnim Mähri fortepiano ugrundan okuwyny tamamlap barýar.

--Är-aýal bolup çykyş etmek kynmy?

--Kärdeşlerim özbaşdak konsert taýýarlaýandygymy eşidip, biragyzdan: Aýalyň konsertmeýster bolsa, oňa ýetesi zat barmy: islän wagtyň öýde-de, işde-de taýýarlyk geçip bolýar -- diýişdiler. Ýöne çagamyzyň hiç bir konserti äsgermeýändini, ejesiniň we kakasynyň diňe özüne üns bermegini talap edýändigini aýtmalydyryn.

--Biz sizi we Mährini ýetip gelýän Täze ýyl baýramyňyz bilen gutlaýarys! Döredidijilik üstünliklerini arzuw edýäris.

--Pursatdan peýdalanyp, opera sungatynyň muşdaklaryny Täze ýyl baýramy bilen gutlaýaryn we olara Täze ýylda ýakymly konsertleri arzuw edýärin.

Ýene degişli makalalar

Gurjak teatry täze möwsümde Arşyn mal alany“ görkezdi
Aşgabatly saz muşdaklary ýaşajyk skripkaçy gyz Selin Samsaryň ussatlygyna mynasyp baha berdiler
Garold Neýmark öz 80 ýaş toýuny we skripkaçylar toparynyň 40 ýyllygyny sungat muşdaklarynyň arasynda garşylady
Ýurdumyzyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler
Türkmenistanyň demirgazygynda iki sany guýynyň durky täzelenýär
Türkmen metbugatynda sarymsagyň saglyk üçin peýdalary dogrusynda maglumatlar paýlaşyldy