18-nji dekabrda Aşgabatda “Ýylyň parlak ýyldyzy — 2021” döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Birnäçe tapgyrda geçirilen döredijilik çäresiniň jemleýji tapgyryna ýaş aýdymçylaryň 10-sy gatnaşdy, olara deslapky tapgyryň dowamynda teletomaşaçylar hem-de radiodiňleýjiler has köp ses berdiler.
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan bilelikde guralan bu bäsleşigiň maksady ýaşlaryň arasynda döredijilik işjeňligini hem-de başlangyjy höweslendirmekden, täze zehinleri ýüze çykarmakdan we goldamakdan ybaratdyr.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, bäsdeşler iki aýdymy, özi-de bir aýdymy sazsyz ýerine ýetirdiler. Munuň özi eminlere aýdymçylaryň sesine doly baha bermäge mümkinçilik döretdi. Şunlukda, ýaş aýdymçy Begençmyrat Çaryýew döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edildi hem-de “Ýylyň parlak ýyldyzy” adyna mynasyp boldy. Ýeňijä “Ýylyň parlak ýyldyzy” göçme Kubogy hem-de höweslendiriji pul baýragy gowşuryldy.
Baş baýrakdan başga-da, birinji, ikinji we üçünji orunlar üçin baýraklar göz öňünde tutuldy, olara, degişlilikde, Rüstem Hallyýew, Bahar Annaýewa we Baýramhan Saparow mynasyp boldular.