Beg ýüpek Özbegistana köp tarly polipropilen ýüplük önümleriniň nobatdaky tapgyryny iberdi

Beg ýüpek Özbegistana köp tarly polipropilen ýüplük önümleriniň nobatdaky tapgyryny iberdi

Beg ýüpek hojalyk jemgyýeti özbegistanly sarp edijilere köp tarly PP BCF polipropilen ýüplük önümleriniň nobatdaky tapgyryny iberdi. Bu barada Altyn asyr: Türkmenistan elektron gazeti habar berdi.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän Beg ýüpekhojalyk jemgyýetinde ýerli çig maldan köp tarly PP BCF polipropilen ýüplük önümleri öndürilýär. Ýokary hilli bu önümlere daşary ýurt bazarlarynda hem uly isleg bildirilýär. Häzirki wagtda Beg ýüpek hojalyk jemgyýetiniň köp tarly PP BCF polipropilen ýüplük önümleri Azerbaýjan, Türkiýe, Gazagystan, Saud Arabystany Patyşalygy we Özbegistan ýaly ýurtlara eksport edilýär.

Beg ýüpekhojalyk jemgyýetinde nebit önümçiliginiň galyndylaryndan alynýan süýüm sintetik halylaryň erşini we öýdümlerini öndürmekde giňden ulanylýar.BCF süýümi arzan bahasy, antistatik häsiýeti, ýylylyk bilen täzeden ýeňil işlenýänligi, tozan zerrejiklerini özüne ýokdurmazlygy, allergik täsiriniň ýoklugy, ulanylýan döwründe solmazlyk ukyby bilen tapawutlanýar.

Onuň aýratynlygy himiki inertliligidir.Bu, polipropilen hala degişli ýüplük öndürilende, reňk berip bolýandygyny we taýýar önümi boýap bolmaýandygyny aňladýar.Polipropilen halylar al-elwan öwüsýän görnüşde bolup, olaryň ýeňilligi, amatlylygy, aňsat arassalanmagy we bahasynyň arzanlygy bolsa esasy aýratynlygydyr.

Germaniýanyň aýda 120 tonna çenli polipropilen ýüplük öndürmäge mümkinçilik berýän Oerlikon-Neumag kysymly enjamlaryny peýdalanmak bilen, kärhanada ýörite tehnologiýa boýunça sintetik halylara degişli ýüplük öndürilýär.

Beg ýüpek hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda ilkinjileriň biri bolup, 2019-njy ýylda köp tarly ýüplügiň önümçiligini ýola goýdy. Şereketiň ýaşdygyna garamazdan, onda ussat hünärmenler işleýär. Kärhana önümçilik kuwwatyny artdyrmagy we önümleriň görnüşini giňeltmegi, müşderileriň isleglerine laýyklykda, elýeterli we ýokary hilli önümleri öndürmek üçin, häzirki zaman tehnologiýalaryny işjeň ulanmagy meýilleşdirýär.

Ýene degişli makalalar

Eýran polipropilene 20% eksport paçlaryny salmagy meýilleşdirýär
Rowachpack polipropilen haltalary obasenagat toplumynda uly islegden peýdalanýar
Durdy Baýramow adyndaky kafe-galereýa: sungat bilen gastronomiýanyň utgaşýan ýeri
TÝL ― 2022: 25-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
TÝL ― 2022: 24-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
TÝL ― 2022: 23-nji tapgyra badalga berildi
TÝL ― 2022: Aşgabat güýçli garşydaşdan üç utuk aldy