BEDEW ATY BUÝSANJY, ALABAÝY DAÝANJY

Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda toýlar goşa-goşadan gelýär. Çünki bu ýyl ýurdumyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy hem-de Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk toýy toýlanýar. Şeýle hem bu ýekşenbede Türkmen bedewiniň milli baýramy ilkinji gezek Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde belleniler. Goşa baýramçylyk mynasybetli dabaralar üstümizdäki hepdäniň dowamynda ýurdumyzyň ähli ýerinde ýaýbaňlandyrylýar.

Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi we Ýylyň türkmen edermen alabaýy atly halkara bäsleşikleri, ahalteke bedewleriniň gözelligini hem-de türkmen alabaýlarynyň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde çeper beýan etmek boýunça bäsleşigi ýaly baýramçylyk çäreleri bu baýramçylygyň dabarasyny has-da belende galdyrýar.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

19-njy aprelde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda ahalteke bedewiniň, türkmen alabaýynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça yglan edilen bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirilip, oňa hödürlenen işleriň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Sergide dürli žanrdaky işleriň ýüzlerçesi ýerleşdirilip, olarda bedewler, alabaýlar dürli görnüşde şekillendirilipdir. Olaryň şekilleri tebigatyň ajaýyp gözelliginiň, at çapyşyklarynyň tolgundyryjy pursatlarynyň, oba durmuşynyň, milli däp-dessurlaryň berjaý edilişiniň, baýramçylyk dabaralarynyň üsti bilen suratlandyrylypdyr. Däp bolşy ýaly, her ýyl döredijilik bäsleşigine medeniýet toplumynyň köp sanly wekilleri gatnaşýar. Ýelden ýüwrük bedewler, ynsanyň wepaly dosty bolan alabaýlar serginiň esasy gahrymanlarydyr.

Tejribäniň görkezişi ýaly, ganatly bedewleriň, gujurly, syzgyr, wepaly alabaýlaryň keşplerini çeperçilik taýdan beýan etmek boýunça geçirilýän bäsleşik sungatyň dürli ugurlarynyň ussatlarynyň işjeňligini we mümkinçiligini açyp görkezmäge ýardam berýär.

Ajaýyp halylar, täsin şaý-sepler, keramika önümleri sergä özboluşly toý öwüşginini çaýýar.Sergide görkezilýän eserler atlaryň, alabaýlaryň keşbini açyp görkezmek bilen, halkymyzyň milli gymmatlyklarymyza bolan çuňňur söýgüsini hem-de hormat-sarpasyny beýan etmek, ýurdumyzyň medeniýeti we taryhy bilen ýakyndan tanyşmak üçin hem ajaýyp mümkinçilikdir.

Behişdi bedewleriň, şeýle-de alabaýlaryň gözelligini wasp etmek boýunça geçirilýän bäsleşigiň ýeňijileri Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň barşynda yglan ediler.

Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi bäsleşiginiň ikinji tapgyry

20-nji aprelde Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ahalteke atlarynyň arasynda geçirilýän halkara gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi. 2009-njy ýyldan bäri geçirilýän bu bäsleşigiň birinji tapgyryna gamyşgulak bedewleriň 50-si gatnaşdy. Şolaryň içinden owadanlygy bilen saýlanan atlaryň 20-sini ikinji tapgyra gatnaşdyrmaga hukuk berildi.

Halkara gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyryna gatnaşan atlar Gelşikliniň, Gyrsakaryň, Gaplaňyň, Pereňiň, Skagyň, Meleguşuň, Eýeberdi Telekäniň ugrundan bolan bedewlerdir.Bu tapgyrda atlar iki gezek gözellik meýdançasyna çykdylar.Olar ilkinji gezekde asyl durkunda meýdança çykyp, öz tebigy owadanlyklaryny görkezdiler.

Ikinji gezekde bolsa owadan haşamlanan at esbaplaryna hem-de ýörite niýetlenen milli şaý-seplere beslenip, gözellik meýdançasyna geldiler.

Dabarasy dünýä dolan ahalteke atlarynyň şol günki bäsleşigine eminlik edenleriň arasynda belli atşynaslar hem boldular. Özüniň gylyk-häsiýeti, zybalygy, täsin hereketleri bilen garşydaşlaryndan tapawutlanýan bedewleri ýakyndan synlap, gözden geçiren eminler topary bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, olaryň 10-syny saýlady. Olar bu bäsleşigiň jemleýji üçünji tapgyryna gatnaşar.

Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi diýen bäsleşigiň jemleýji tapgyry baýramçylygyň öňüsyrasynda geçiriler.

Ýylyň türkmen edermen alabaýy atly halkara bäsleşigi

Şol gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Türkmen alabaý itleri hojalyk jemgyýetinde Ýylyň türkmen edermen alabaýy atly halkara bäsleşigiň ikinji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň birinji tapgyryna gatnaşan 70-den gowrak alabaýdan öz gujurdyr edermenligi bilen tapawutlananlarynyň 25-si gatnaşdy.

Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bir günde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçirilen bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna ministrlikleriň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de alabaý itleriniň köp sanly janköýerleri gatnaşdylar.

Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasyna, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna, hususy itşynaslara degişli bolan alabaýlaryň çykyşy olaryň bäsleşige ýokary derejede taýýarlanylandygyny görkezdi. Bäsleşikde 0,5 metrden 2,5 metre çenli bolan päsgelçiliklerden üstünlikli geçip, öz eýeleri bilen dil tapyşmagy başarýan alabaýlaryň her bir hereketi olaryň edermenliginden, düşbüliginden habar berýär.

Ýylyň türkmen edermen alabaýy atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi Türkmen alabaýynyň baýramynyň bellenilýän güni kesgitlener.

The post BEDEW ATY BUÝSANJY, ALABAÝY DAÝANJY appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

BUDAPEŞTDE TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI BADALGA ALDY
Aşgabatda Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň arasynda duşuşyk geçirildi
Çägeden heýkel ýasamak festiwaly geçirilýär
Taýlandyň Futbol assosiasiýasy Türkmenistanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegi teklip edýär
Altyn asyr Nebitçiniň we milli ýygyndymyzyň derwezeçisini düzümine goşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawynyň netijesi 14-nji martda yglan ediler