Bedeni gyş paslyna taýýarlamagyň usullary

Gyş paslynda howanyň gyzgynlyk derejesiniň peselip, Güneşli günler azalýar.Bu bolsa ruhy çökgünlige we energiýa ýetmezçiligine getirip bilýär.Gyş paslyny sagdyn geçirmek üçin öňünden, ýagny güýz aýlarynda taýýarlyk işlerine başlamaly.

Munuň üçin ilki bilen gün tertibini talabalaýyk ýöretmeli.Her günki işjeňlik we üstünlikler irki maşklardan hem-de gowy ertirlikden başlanýar.Bedeniň taplanmagy hem-de immunitetiň kadaly derejede saklanmagy üçin sport bilen yzygiderli meşgullanmaly. Ýöne howa şertine laýyk geýinmegi ýatdan çykarmaly däl. Şeýle hem türgenleşikden soň bada-bat ýuwunmakdan, suw içmekden saklanmaly.

Ertirlik naharyny edinmek adam bedeni üçin zerur bolup, onuň öwezini günüň başga wagtynda dolup bolmaýar. Şol sebäpli ýaltanman ertirlik edinmegi endik etmeli.Irdenki nahar witaminlere we gök önümlere baý bolmaly.

Gyşda köplenç ýapyk binalarda wagt geçirilýändigi sebäpli işdä bozulýar.Munuň sebäbi serotonin gormonynyň bölünip çykyşynyň azalmagy bilen düşündirilýär.Keýpiň üýtgäp durmagy hem şunuň bilen bagly bolup, bu ýagdaýyň öňüni almak üçin açyk howada gezelenç etmeli.

Gyş paslynda saglyk üçin iň uly howp patogenler, ýagny kesel döredýän mikroblar hasaplanýar.Mikroblar adam bedenine täsir edip, gowşaklyga we dümewlemek ýaly alamatlaryň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.Gyşy sagdyn geçirmek üçin güýz aýlaryndan başlap şu düzgünlere üns bermek ýeterlik.

Miwedir gök önümleri köpräk iýmeli. Gyş paslyny sagdyn geçirmek üçin güýz aýlarynda ýetişýän miwedir gök önümleri ýeterlik iýip, bedeni zerur bolan witaminler bilen üpjün etmeli. Muňa nar, injir, alma, kiwi ýaly miwelerdir sogan, ysmanak, burç ýaly gök önümleri mysal hökmünde görkezmek bolar.

Melhem çaýlary içmeli. Gyşda, esasan hem, C witaminine zerurlyk duýulýar. Munuň öwezini miwedir gök önümler bilen birlikde, melhem çaýlary içmek arkaly dolup bolýar. Dalçyndan, zenjebilden, narpyzdan taýýarlanan çaýa limon hem goşup bilersiňiz. Melhem çaýlary ýokançlyklara garşy göreşmek bilen bir hatarda immuniteti güýçlendirýär, şeýle hem witamin ýetmezçiliginiň öňüni alýar.

Agramyň artmagynyň öňüni almaly. Sowuk howa sebäpli içerde köp wagt geçirmek energiýanyň az harçlanmagyna, ýagny hereketsizlige getirýär. Bu ýagdaý yzygiderli dowam edende adam semremek bilen bolýar. Artykmaç agramyň öňüni almak üçin öýde maşklary ýerine ýetirmeli. Galyberse-de, günüň amatly wagty arassa howada gezelenç etmeli.

Dartgynly ýagdaýlardan gaça durmaly. Gyş pasly diňe bir fiziki däl, eýsem, psihologik täsirleri hem galdyryp biler. Bagt gormony diýlip atlandyrylýan serotininiň bölünip çykyşyny kadalaşdyrmak üçin towuk, hindi towugy, süýt, peýnir, gatyk, ýumurtga, nohut we badam ýaly önümler bilen iýmitlenmeli. Şeýle hem ýadawlygy çykarýan, stresi azaldýan oýundyr güýmenjeler bilen meşgullanmagy ýatdan çykarmaly däl.

Pasla görä geýinmeli. Her paslyň özüne mahsus howasy bar. Güýzde howa sowap başlaýar, gyşyna has sowuk bolýar. Howa şertini göz öňünde tutup, öňünden gyş egin-eşikleri taýýarlap goýmaly. Esasan hem, aýagy we kelläni ýyly saklamaga üns bermeli. Sintetik önümlere görä, nah ýa-da ýüňden taýýarlanan örme egin-eşikleri geýmek dürli kesellerden we sowukdan goranmaga ýardam edýär.

Ogulhan Karajaýewa,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Iç keselleri boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly alymlara ýowşanyň efir ýagyndan ýasalan melhem üçin patent berildi
Aşgabadyň hususy dermanhanalarynda dermanlaryň nyrhlary görkezilmeýär
24.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti durmuş maksatly täze desgalaryň toplumynyň açylyşyna gatnaşdy
28.10.2017 | Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk bäsleşiginiň hormatly myhmany boldy