Beden agzalarynyň transplantasiýasyna mätäç hem-de oňa mümkinçiligi bolan adamlar ýollaryň açylmagyna garaşýar

Beden agzalarynyň transplantasiýasyna mätäç hem-de oňa mümkinçiligi bolan adamlar ýollaryň açylmagyna garaşýar

Pandemiýa sebäpli halkara gatnawlar çäkli galýan mahaly, daşary ýurtlarda gaýragoýulmasyz saglyk bejergisini almak isleýän türkmenistanlylaryň hem ýollary bagly bolmagynda galýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysyna görä, beden agzalarynyň transplantasiýasy maksady bilen Hindistana gitmek üçin, daşary döwletlere howa gatnawlarynyň açylmagyna garaşýan lebaply raýatlaryň sany köpelýär.Farap etrabynyň ýaşaýjysy 18 ýaşly Bahadyr (howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ady üýtgedildi red.) hem böwrek transplantasiýasy maksady bilen Hindistana gitmek üçin, ýollaryň açylmagyna garaşýan raýatlaryň biridir.

Habarçy Lebapda transplantasiýa maksady bilen daşary ýurtlara gitmek üçin Bahadyr ýaly başga-da ýollaryň açylmagyna garaşýan raýatlaryň bardygyny aýdýar. Çylşyrymly operasiýalar üçin daşary ýurtlara gitmäge gurby çatýan raýatlar ýurt içinde şeýle mümkinçilikleriň ýokdugyny aýdýarlar.

“Türkmenistanyň saglyk syýasatynyň netijesizligi sebäpli agyr operasiýalary edip bilýän wraçlar ýok. Uly pula gurlan mermer keselhanalaryň daşy jäjek’ içindäki tehnikalary netijeli ulanyp bilýän sowatly kadrlar ýok” diýip, bir lebaply Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Bir döwürler transplantasiýa ugry boýunça ökde türk hirurglary her hepdäniň şenbe we ýekşenbe günleri Aşgabatda çylşyrymly operasiýalary geçirmek üçin şertnamaly hyzmatdaşlyk ederdi. 2016-njy ýylda Aşgabatdaky türk keselhanasy hem ýapyldy. Täze keselhanalarda bolsa sowatly kadrlaryň ýokdugy hiç kime syr däl” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýatlasak, Azatlygyň çeşmeleri Aşgabadyň “Central Hospital” türk keselhanasynyň ygtyýarnamasynyň 2016-njy ýylyň 31-nji dekabrynda dolmagynyň yz ýany onuň ýapylandygyny, gurply türkmenistanlylaryň arasynda meşhurlyga eýe bolan bu hassahanada daşary ýurtly, şol sanda türkiýeli hünärmenleriň işländigini habar beripdi.

Resmi metbugat Türkmenistanyň döwlet syýasatynda saglyk pudagyna uly üns berilýändigini, täze saglyk desgalarynyň açylyp ulanylmaga berilýändigini aýdýar.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan birnäçe türkmenistanly çylşyrymly operasiýalar üçin daşary ýurt hirurglary bilen hyzmatdaşlygyň täzeden ýola goýulmagyny goldap çykyş edýärler.

“Milliardlarça dollar harçlanyp, täze keselhanalar guruldy emma bahasy 30 müň dollar töweregi operasiýalar üçin adamlar daşary döwletlere gidip, bejergi almaly bolýarlar” diýip, beýleki bir türkmenistanly gürrüň berdi.

Ol saglyk pudagyna iberilýän çykdajylaryň hatarynda, transplantasiýa operasiýalary üçin daşary ýurtlarda bejergi almagy zerur hasaplaýan raýatlara döwletden maliýe goldawynyň berilmegini sorady.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosy saglygyny bejertmek üçin daşary ýurtlara, şol sanda Hindistana, Türkiýä ýa-da Eýrana gitmäge ýykgyn edýän raýatlar we olaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada habar beripdi.

Türkmenistanda näsag adamlaryň beden agzalarynyň transplantasiýasy boýunça bar bolan kynçylyklar bilen bir hatarda diş implantlary hem aňsat däl.

2017-nji ýylyň martynda Aşgabatda Halkara stomatologiýa merkezi açyldy. “Ýöne talaba laýyk implant diş goýup bilýän dentist, diş lukmany ýok” diýip, bir türkmenistanly Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow käri boýunça diş lukmanydyr. Ol prezidentlik wezipesinden öň, 2006-njy ýyla çenli wise-premýer we ministr wezipelerinde işlän döwürlerinde ýurduň saglyk pudagyna gözegçilik etdi.

Türkmenistanda adamyň beden agzalarynyň alynmagy, saklanylmagy we transplantasiýasynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi hökümet we saglyk ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi transplantasiýa bolan we transplantasiýa mätäç adamlaryň sanawyny ýöredýär.

Türkmenistanyň kanunçylygy adamyň beden agzalarynyň satyn alynmagyny, satylmagyny we olar babatda söwda geleşikleriniň baglaşylmagyny, ýa-da olaryň reklama edilmegini gadagan edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletleriň gün-tertibindäki möhüm wakalar
26.09.2017 | “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda janlandyrylan türkmen taryhy: Gadymy Merw we Oguzhan