Bazarlarda arzan bahadan peýda bolan apelsiniň içinden gurçuk çykdy alyjylar

Bazarlarda arzan bahadan peýda bolan apelsiniň içinden gurçuk çykdy  alyjylar

Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda, Mary welaýatynyň Ýolöten we Baýramaly etraplarynyň bazarlarynda ýörite tekjelerde arzan bahadan miwe önümleri, alma we apelsin satylyp başlandy. Alyjylar bu almalaryň ownuk bolandygyny, apelsiniň içinden gurçugyň çykandygyny aýdýarlar.

Ýük ulaglarynda bazarlara elýeterli bahadan azyk harytlarynyň eltilmegi baýramçylygyň bosagasynda häkimiýetler tarapyndan ýurtda azyk bolçulygynyň döredilmeginiň talap edilýän wagtlaryna gabat gelýär.

Arzan miwe önümleriniň bahalary bazarlardaky we hususy dükanlardaky nyrhlardan ep-esli tapawutlanýar.

“Bazarlarda we söwda dükanlarynda 1 kilogram alma 12 manat, apelsin 12-15 manat aralygynda bahalanýar. Ýöne Täze ýyl mynasybetli bazarlara getirilen almalaryň kilesi 7-8 manatdan, apelsin 8 manatdan satylýar” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.

Şeýle bolanda ýörite ýük ulaglarynda bazarlara eltilen miwe önümleri adatdaky bahalardan 33 göterimden 46 göterime çenli arzan bolýar.

Içinden gurçuk çykan harytlary yzyna tabşyrmaga çalyşýan adamlar satylan harytlaryň yzyna alynmaýandygyny aýdýarlar.

“Ýolöteniň etrap bazarynyň daş ýüzünde ýük ulaglarynda satylýan apelsinlerden satyn alan adamlar, gurçuklary görüp, harytlary yzyna tabşyrmakçy bolanlarynda satyjylar bilen ýakalaşjak boldular. Şonuň üçin, ýük ulagynyň gapdalynda dört sany polisiýa işgäri uruş-sögüş bolmaz ýaly, gözegçilik işlerini güýçlendirdiler” diýip, bir ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary geçen hepdelerde aýry-aýry wagtlarda günorta-gündogar sebitiň bazarlarynda elýeterli bahalardan towuk etiniň hem-de konditer önümleriniň söwdasynyň guramalaşdyrylandygyny habar berdiler.

Şonda bazarlarda we söwda dükanlarynda 24 manada çenli bahalanýan, hatda goňşy Lebap welaýatynda bir kilesi 30 manada çenli çykýan towuk eti Mary şäheriniň iri bazarynda 18 manat 40 teňňeden satyldy. Bu önümiň söwdasynda uly-uly nobatlar emele geldi.

Şondan bir hepde soňra, Azatlyk Radiosynyň habarçylary sebit merkeziniň iri bazarlarynyň birinde arzan bahadan süýji-köke söwdasynyň ýola goýlandygyny habar berdiler.

Bu harytlar hem uly islegden peýdalandy, alyjylar bu önümleriň nobata garaşýan adamlaryň diňe ýarysyna ýetendigini aýtdylar.

Ýerli ýaşaýjylar miwe önümleriniň içinden gurçugyň çykmagyna alada bildirýärler we bu ýagdaýyň jemgyýetçilik saglygyna howp abandyrýandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça ýerli häkimiýetlerden resmi teswir alyp bilmeýär.

Noýabryň ortalarynda ýurduň ýokary wezipeli söwda resmileri çalyşyldy.

Türkmenistanda iri baýramçylyklaryň, hususan-da Täze ýylyň öňüsyrasynda bazarlarda elýeterli azyk bolçulygynyň döredilmegi boýunça ýörite tabşyryklar berilýär.

Bu aralykda, baýramçylyk gabatlary bazarlarda söwda janlanýar. Bu janlanyş azyk harytlarynyň bahalaryna täsir edýär.

Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy ýaňy-ýakynda Türkmenabat şäheriniň bazarlarynda iýmit önümleriniň bahalarynyň ýokarlanandygyny habar berdi.

Habarçymyz şonda gündogar sebitde käbir iýmit önümleriniň bahalarynyň 35 göterimden 87 göterime çenli gymmatlandygyny aýtdy.

Bu aralykda, Lebap welaýatynda hem Täze ýyl mynasybetli söwda ýarmarkalary gurnalyp, ýerli ýaşaýjylar bu çäreleri “ýasama azyk bolçulygyny döretmek tagallalary” atlandyrdylar.

Ýolöteniň etrap bazarynyň daş ýüzünde ýörite ýük ulaglarda pes hilli miwe önümlerini satýan söwdagärler şeýle önümleri özleriniň Baýramalynyň etrap bazaryna-da, Mary şäheriniň Galkynyş bazaryna-da hödürleýändiklerini aýtdylar.

Azatlyk Radiosy bu söwdanyň häkimiýetleriň bazarlarda gözegiçlikli “azyk bolçulygyny” döretmek synanyşyklarynyň bir bölegi bolup-bolmandygyny anyklap bilmeýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň döwlet baştutany wezipesinden gelmezden ozal, Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda, welaýatlaryň bazarlaryna aýlanyp, sebitlerde azyk üpjünçiliginiň ýagdaýy bilen tanyş bolan günlerini ýatlaýarlar.

“Şonda döwlet telewideniýesinde Mary welaýatynyň bazarlaryndaky azyk bolçulygy we arzançylygy görkezildi. Adamlar şonda Berdimuhamedowyň bazarlarda azyk harytlarynyň bahalaryny arzanladyp, iýmit önümlerini ilata elýeterli etjekdigine, şeýle mümkinçilikleri döredip biljekdigine azda-kände ynam bildiripdi” diýip, maryly ýaşaýjy aýdýar.

“Häzir bolsa, ýörite ýük ulaglary bazarlaryň daşynda durup, zaýalanan iýmit önümlerini halka hödürleýär. Çäre görmeli edaralar, gaýtam, bu söwdanyň arkasynda durýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça söwda resmilerinden hem teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Maryda arzan çörek isleýänlerden ýany bilen köke satyn almak talap edilýär
Un 250%, çörek 150% gymmatlady, dükanlaryň öňündäki nobatlar aýryldy
Röwşen dükanlarynda aýakgaplaryň arzan satuwy dowam edýär
Diňle: Arzan towuk söwdasyndaky başagaýlyklar: “Towuk satlyga däl-de, barlaga goýuldy”
Arzan towuk söwdasyndaky başagaýlyklar: “Towuk satlyga däl-de, barlaga goýuldy”
BILDIRIŞ