Nektariniň görnüşlerinden biri bolan “Baýramiç beýazynyň” diňe Kazdagynda ösýän endemiki görnüşdigini bilýäňizmi?
Anadolynyň günbatarynda, mifolofik ady "Ida” bolan Kazdaglarynyň demirgazyk eňňitlerinde ýerleşýän Çanakgalanyň Baýramiç etrabynda ösýän “Baýramiç beýazy” nektariniň görnüşlerinden biridir. Tagamy we aromady bilen nektariniň beýleki görnüşlerinden tapawtlanýan miwe, Kazdaglaryndan gelýän tokaý howasy bilen deňiziň ýotly we kislorod mukdary ýokary howasynyň saýasynda deňsiz nygmatlardan biri. Baýramiçiň mikro klimaty “Baýramiç beýazynyň” endemiki özbolyşlylygyny emele getirýär.
Reňki, tagamy, ysy we aromaty bilen 2013-nji ýylda “Baýramiç beýazy” ady bilen Türkiýede geografik taýdan bellige alynan miwe, 2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde ÝB-niň Resmi gazetinde çap edip, Türkiýäniň ÝB-den geografik belligini alan ýedinji önümi boldy. 7 nüň gekdarda irki, orta we giçki ýaly üç gezek hasyl alynýan “Baýramiç beýazy” nektariniň beýleki görnüşlerine görä has uzak önümlidir.
Düzüminde ýokary mukdarda aromat bolan” Baýramiç beýazy” saglyk üçin iňňän peýdaly.Antioksident hökmünde, çişleri we içege ragy ýaly ragyň görnüşleriniň öňüni almak üçin peýdaly tebigy düzümi bolan nektarin, az kaloriýasy bilen semizlikden gutulmak isleýänler üçin hem tapylgysyz miwedir.
Düzümizdäki lutein bilen göz üçin hem peýdalydyr. “Baýramiç beýazy” deriniň gözelligini üpjün edip, ýokumly ysy bilen atyr senagatynda hem peýdalanylýar. Şol özbolyşlyklary bilen Türkiýäniň eksport önümlerinden biri hökmünde ýokary isleg bildirilýär.