Baýramçylyk lybasyna beslenen täze desgalar

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler, milli maksatnamalar we durmuşa geçirilýän taslamalar döwlet Baştutanymyzyň adam hakdaky aladalaryndan gözbaş alýar.Muňa ýurdumyzda giňden bellenip geçilen Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli gurlup, ulanmaga berlen täze binalaryň açylyş dabaralary hem şaýatlyk edýär.Türkmen halky Halkara Bitaraplyk gününi döwlet derejesinde uludan belläp geçdi. Şanly sene mynasybetli baýramçylyk çäreleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Şol dabarada-da Bitaraplygymyzyň 23 ýyllygynyň waspy belentden ýaňlandy.

Ulanmaga berlen dürli derejedäki desgalar ýurdumyzyň batly ösüşini hem-de halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagy ugrunda edilýän tagallalaryň buşlukçysy boldy.Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarda dürli desgalar ulanmaga berildi.

Olaryň hatarynda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde gurlan, birbada 2 müň tonna gök önümleri saklamaga niýetlenen sowadyjy ammar, Kaka etrabynyň merkezinde we Gökdepe etrabynyň Hurmantgökje obasynda açylan täze lukmançylyk desgalary, Kaka etrabynda gurlan täze çagalar bagy, Bäherden etrabyndaky iki sany iri maldarçylyk toplumy, Balkanabatda ýokary amatlylygy bolan täze ýaşaýyş jaýy, Serdar etrabynda ulanmaga berlen häzirki zaman maldarçylyk toplumy, Daşoguz şäherinde dört gatly ýaşaýyş jaýlary, iri ýyladyşhana toplumy we Türkmenabat şäherinde ammar jaýy bolan häzirki zaman sowadyjy enjamlary bilen üpjün edilen toplum bar.Ýurdumyzda gurlan bu desgalaryň aglabasy milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiligiň ýola goýulmagyna şert döredýär.Diýarymyzyň dürli künjeginde ulanmaga berlen sowadyjy ammarlar ýylyň tutuş dowamynda halkymyzy ter gök we miwe önümleri bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Maldarçylyk toplumlary bolsa, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine saldamly goşant goşup, halkymyzy ýokary hilli et we süýt önümleri bilen üpjün etmäge ýardam eder.Baýramçylygyň öňüsyrasynda ulanmaga berlen täze lukmançylyk merkezleri oba ýerlerinde maşgala lukmançylygyny, saglygy goraýşyň ilkinji hyzmatlaryny ýokarlandyrmaga şert döredýär.Ýurdumyzy gurşap alan giň gerimli özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde gurulýan täze desgalaryň aglabasynyň türkmen telekeçileri tarapyndan durmuşa geçirilmegi hem guwandyryjy wakadyr.

Milli Liderimiziň hususy pudagyň ösdürilmegine berýän hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde, türkmen telekeçileri ähli ugurlarda saldamly işleri alyp barýarlar.Olar obasenagatynda, gurluşykda we beýleki ugurlarda yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine öz saldamly goşantlaryny goşýarlar.

Eziz Sähetmyradow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Baýram Jütdiýew aradan çykdy
11.12.2018 | Ýurdumyzyň sebitlerinde baýramçylyk mynasybetli täze binalar açyldy
Bitaraplyk gününde Türkmenistanda ýokary hilli et öndürjek kärhana açyldy, prezidentiň ogly çagalar bagyny açdy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysy - 2018-nji ýyl: saglygy goraýyş ulgamy
13.03.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysy - 2018-nji ýyl: saglygy goraýyş ulgamy
SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMY