Baýramçylyk çapyşygynyň Baş baýragynyň ýeňijisi haýsy at bolar?

Baýramçylyk çapyşygynyň Baş baýragynyň ýeňijisi haýsy at bolar?

Habar berşimiz ýaly, 28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk at çapyşyklarynda biri-birinden ýyndam bedewler özara ýaryşa girerler. Ýedi çapyşykdan ybarat boljak ýaryşlar şu günki günüň iň ýyndam atlaryny mälim eder.

Aýratynam, ýaryşyň ýedinji, jemleýji — Baş baýragy almak ugrundaky çapyşygynda dört we ulyýaşar bedewler 2200 metr aralygyna çapuwa gatnaşyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy üçin bäsleşerler. Ýaryşyň ahyrky, ýedinji çapyşygyna yzygiderlilikde Bezirgen, Goşasakar, Kysmat, Tejen, Babarap, Jöwenek, Döwletli, Ýagtyýol, Alar hem-de Bäsdeş diýen atlar gatnaşar.

Jemleýji çapyşykdan köpleriň garaşjak netijesi barada aýdylanda, bu babatda soňky ýyllaryň üstünliklerine hem-de beýleki käbir görkezijilere esaslanmak bolar.Has takygy, çapyşygyň iň ýyndam, tejribeli hem-de ýaryşlary baýrakly tamamlaýan atlary hökmünde degişli sanawdan 2 sany aty — Bezirgen we Goşasakar atly bedewleri aýratyn bellemek bolar. Çünki olaryň geçen ýaryşlardaky gazanan biri-birine bäs gelýän ýeňişleri şeýle netijä gelmäge esas döredýär.

Gelşikliniň ugrundan bolan Bezirgen atly bedew Bahreýn hem-de Kaknus diýen atlaryň neslinden bolup, häzire çenli gatnaşan 15 çapuwynyň 10-ysynda ýeňiji boldy. Atlaryň 4 we uly ýaşar toparyna degişli Bezirgen Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň atydyr. Bu bedewi Türkmenistanyň at gazanan seýsi Maksatmyrat Agamyradow seýisleýär. Nobatdaky çapyşyklaryň jemleýjisinde bolsa ony ussat çapyksuwar Begençmyrat Agamyradow çapar.

2-nji belgide ýaryşa goşuljak Goşasakar atly gyrat bolsa Garaşsyz we Sülgün diýen atlaryň neslindendir. Gyrsakaryň ugrundan bolan bu bedewiň seýsi — Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň seýsi, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Atçapar Bajamowdyr. Jemleýji çapyşykda bu aty ýaş çapyksuwar Baýmuhammet Bajamow çapar. Ýeri gelende Goşasakaryň häzirki wagta çenli 17 gezek çapuwa gatnaşyp, şolaryň 13-üsinde ýeňiş gazanandygyny bellemek gerek.

Jemleýji çapyşykda ýeňiş gazanmaga esasy dalaşgär görülýän bu atlaryň netijelerinden we maglumatlaryndan görnüşi ýaly, olaryň haýsysynyň pellehanadan birinji bolup geçjekdigini diňe çapuw meýdany görkezer.

Biz ertir bäsleşigiň netijeleri barada hem dessine habar bereris.

Şeýel-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Pagta plany 'doldy', resmiler, çagalar prezidenti 'ýeňiş' bilen gutlady, Berdimuhamedow ogluny sylaglady
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ýüpek ýoly — 2023 rallisinde baýrakly orny eýelän sürüjilerimiz ýurdumyza dolandylar
Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi
Söwda toplumynyň mümkinçilikleri baýramçylyk sergisinde beýanyny tapýar
AFK-nyň kubogy ― 2021: Ýazguly Hojageldiýew Nasaf bilen duşuşykda esasan ýaş oýunçylara mümkinçilik berdi