Paýtagtymyzyň günorta bölegindäki Parahat — 7/3 ýaşaýyş toplumynda gurlan täze köp gatly jaýlaryň ikisi umumymilli baýramçylygyň — ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda aşgabatlylara ajaýyp sowgat boldy. Şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, döredijilik toparlarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň hem-de bagtly öý eýeleriniň gatnaşmagynda täze jaýlaryň açylyş dabarasy uly baýramçylyga öwrüldi.
Aşgabat günsaýyn gözelleşip, dünýäniň owadan paýtagtlarynyň biri hökmünde okgunly kemala gelýän megapolisiň çäklerini giňeldýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow raýatlaryň oňaýly ýaşamagy hem-de döredijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şäher gurşawyny döretmek, göwnejaý dynç almak we wagtyňy peýdaly geçirmek üçin hyzmatlary hödürlemek wezipelerini paýtagtymyzy ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi.
Soňky ýyllarda tutuş etraplaryň durky täzelendi, zerur bolan ähli düzümi, bag-seýilgäh toplumlary bolan täze ýaşaýyş toplumlary peýda boldy, desgalaryň ýüzlerçesi guruldy, şolaryň arasynda abraýly halkara bäsleşikleriň sylaglaryna mynasyp bolan binagärlik we inženerçilik-tehniki pikiriň desgalary az däldir.
Paýtagtymyzyň günorta-gündogar böleginde ýerleşen Parahat-7 etrapçasy üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn ýaşaýyş jaý gurluşyk maksatnamasynyň aýdyň mysalydyr, bu ýerde aşgabatlylaryň müňlerçe maşgalasy ajaýyp öýlere göçüp bardylar.
Täze Parahat-7/3 ýaşaýyş toplumy etrapçany gurmagyň bir bölegi hökmünde batly depginler bilen bina edilýär.Bu toplum Ýunus Emre, Alty Garlyýew, Baba Annanow hem-de “10 ýyl abadançylyk” köçeleriniň çäklerindäki umumy meýdany 30 gektardan gowrak bolan ýerde gurulýar. Şu ýerde eýýäm gurulmagy meýilleşdirilen 9 gatly jaýlaryň 27-sinden 8-si, 600 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep hem-de 160 orunlyk çagalar bagy, saglyk öýi we söwda merkezi ulanmaga berildi.
Geljekde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça bu ýerde ýene-de bir mekdebi we çagalar bagyny gurmak bellenildi.
Şu gün bagtly jaý eýeleri köp gatly jaýlaryň ikisinde otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan öýleriň 144-siniň açaryny aldylar. Birmeňzeş jaýlar binýatlarynyň, üçekleriniň, örtükleriniň, diwarlarynyň netijeli çözgütleriniň esasynda taslanyldy, şolar timarlananda döwrebap ýylylyk saklaýjy serişdeler ulanyldy.
Jaýlaryň biri bir, iki, üç hem-de 4 otagly öýleriň 108-sinden ybarat bolup, ikinji jaýda dört we bäş otagly öýleriň 18-si bar, olaryň uly ýaşaýyş meýdany bar.
Aşhana, eýwan — bularyň hemmesi ýokary amatlylygyň talaplaryna doly laýyk gelýär. Öýlerde oturdylan ýokary hilli mebeller ýurdumyzyň önümleri bolup, döwrebap bezege eýedir.Dürli-dürli durmuş tehnikalary bolsa, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň öndüren täze nusgalaryna kybap gelýär.
Täze jaýlaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryldy, şol ýerde çagalaryň oýnamagy, sport bilen meşgullanmak, medeni-köpçülikleýin çäreleri we dabaralary geçirmek üçin meýdança göz öňünde tutuldy. Jaýlaryň töwereginde gül ekilen aýmançalar, gülçanaklar, ýol yşyklarynyň oýlanyşykly ulgamy gözüňi dokundyrýar. Dükanlary bolan söwda bazary hem ýakynda ýerleşýär.
Açylyş dabarasynda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň syýasy strategiýasynyň derejesine çykarylan mähriban halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak hakyndaky aladanyň ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça ägirt uly durmuş taslamasynda öz beýanyny tapýandygyny, munuň ähli ugurdaş düzümi kemala getirmekde ulgam — toplumlaýyn çemeleşmäni üpjün edýändigini bellediler.
Ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan ýadawsyz işleri üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildiren dabara gatnaşyjylar milli Liderimizi ýetip gelýän şanly sene — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk hem-de “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary öňe sürýän syýasaty alyp barýan hormatly Prezidentimize giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.