Baýramalynyň berk düzgünli MR-K/16 türmesinde saklanýan bendiler jeza çärelerini ýerine ýetiriji edarada kök salan korrupsiýadan we adamkärçiliksiz çemeleşmelerden şikaýat edýärler.
Ynamdar çeşmeler tussaglara we tussag hossarlaryna salgylanyp, ýaramaz türme şertleri barada habar berýärler.
Tussaglaryň dogan-garyndaşlaryna görä, olar bu koloniýada bendilikde saklanýan dogan-garyndaşlary bilen görüşmek üçin, ýa-da olara azyk harytlaryny geçirmek üçin, türme işgärlerine, şol sanda sakçylara para bermäge mejbur edilýärler.
Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri birnäçe tussaga salgylanyp, türmäniň çägine tussag hossarlary tarapyndan geçirilen azyk harytlarynyň öz eýelerine gowşurylmaýandygyny, bu harytlaryň türmede satuwa çykarylýandygyny aýdýarlar.
Üstesine, sakçylar mundan beýläk tussaglaryň ykbalynyň özlerine baglydygyny aýdyp, olardan ýaramaz türme şertleri barada asla gürlemezligi, arz-şikaýat bildirmezligi talap edýärler.
“Bendiler dürli sütemlere sezewar edilýärler we öz durmuşlaryndan howatyr edýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi aýdýar.
“Zerur bolsa, tussaglar ýenjilýär we ýeke adamlyk türme hüjrelerinde saklanýar. Bendiler özleriniň goragdan mahrum bolandyklaryny, özleriniň arz-şikaýatlaryny hiç kime we hiç ýere ýetirip bilmeýändiklerini aýdýarlar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.
Bu maglumatlar esasan tussaglar bilen olaryň dogan-garyndaşlarynyň duşuşyklaryndan soňra aýdyňlyga çykdy.
“Azatlykdan mahrum edilen adamlar türmelerde özleriniň adam hökmünde görülmeýändigini, islendik türme sakçysyna tussaglary kemsitmäge we ýençmäge resmi däl görnüşde rugsat berlendigini aýdýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň anonim çeşmesi gürrüň berýär.
Adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça halkara hasabatlarda türkmen türmelerinde dowam edýän gynamalara, tussaglara adamkärçiliksiz çemeleşilmegine, agyr we adam ömrüne howp salýan türme şertlerine hem-de syýasy tussaglaryň ýagdaýyna aladalar beýan edilýär.
Türkmen resmileri türme şertleriniň gowulandyrylmagy ugrunda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edilýändigini aýdýarlar.
Resmiler 2023-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça BMG-niň Ženewadaky edarasynda geçirilen Ähliumumy döwürleýin synyň dowamynda bu ugurda käbir anyk bellikleri mälim etdiler.
Şonda birnäçe daşary ýurt döwletleriniň wekilleri türkmen türmelerine garaşsyz barlagçylaryň baryp görmegine rugsat berilmegine çagyryş edipdiler.
Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasyndaky öňki hemişelik wekili Atageldi Haljanow şonda Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Rumyniýanyň hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Aşgabatdaky ilçihanalarynyň, şeýle-de, ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýetiniň ýolbaşçylarynyň 2023-nji ýylyň iýul aýynda Ahal welaýatynda ýerleşýän bir düzediş edarasyna baryp görendiklerini aýtdy.
Daşary ýurt diplomatlary şonda türme şertleri bilen tanyşmak mümkinçiligine eýe bolupdyr.Türkmen diplomaty şeýle tejribäniň 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda hem dowam etdiriljekdigini aýdypdy.
Şeýle-de türkmen resmileri türme şertlerini gowulandyrmak ugrunda Halkara Gyzyl haç komiteti we beýleki degişli edaralar bilen hem ýakyn hyzmatdaşlygyň ýolan goýlandygyny öňe sürdüler.
Ýöne bendilikde saklanýan raýatlar özleriniň arz-şikaýatlaryny hiç kime we hiç ýere aýdyp bilmeýändiklerini aýdýarlar.
Mundan ozal, 2017-nji ýylda Baýramalynyň berk düzgünli MR-K/16 türmesiniň territoriýasynyň giňeldilendigi, onuň çäginde täze korpuslaryň peýda bolandygy mälim bolupdy. Täze gurlan goşmaça korpuslar bu jeza çärelerini ýerine ýetiriji edara ýene-de 1000 tussagyň kabul edilmegine şert döretdi.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýurduň türme ilaty boýunça anyk sanlary jemgyýetçilige äşgär etmeýär.
Ýöne garaşsyz barlaglar ýurduň türme ilatynyň, dünýä ýurtlary bilen deňeşdirilende, örän köpdügini görkezýär.
“World Prison Brief” neşiriniň 2022-nji ýylda täzelän sanlaryna görä, Türkmenistanda her 100 müň adamdan 576 adam tussaglykda saklanýar. Bu bolsa, takmynan, her 175 adamdan bir adamyň türmeden saklanýandygy görkezýär.
Şonda Türkmenistan bu hasabatda, ABŞ-dan we Ruandadan soňra, dünýäde üçünji orny eýeläpdi. Ýöne ýurduň türme ilaty barada başga takyk sanlar aýdylmaýar.
Galyberse-de, halkara hasabatlar Türkmenistanyň çägindäki käbir türmeleriň territoriýasynyň giňeldilendigini görkezdi. Daşky gurşaw we adam hukuklary boýunça “Crude Accountability” guramasynyň 2023-nji ýylda seljeren emeli hemra suratlary günbatar Türkmenistandaky “Akdaş” türmesiniň hem-de günorta Türkmenistandaky “Owadandepe” türmesiniň çäkleriniň giňeldilendigini görkezdi.
Bulardan başga-da, ýurduň çäginde Seýdi, Tejen, Türkmenabat türmeleri, şeýle-de Daşoguzdaky aýallar türmesi jeza çärelerini ýerine ýetiriji edaralar hökmünde ulanylýar. Baýramalynyň MR-K/16 türmesine öňler Ýedinji zähmet-düzediş koloniýasy hem diýilýärdi.
Azatlyk Radiosy ýurduň türme şertleri boýunça Içeri işler ministrliginden teswir alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.