Baýramalynyň maýyp çagalar üçin mekdebiniň işgärleri çärelere gatnaşmazlygy gazandylar

Baýramalynyň maýyp çagalar üçin mekdebiniň işgärleri çärelere gatnaşmazlygy gazandylar

Köp sanly adamyň gatnaşmagyndaky köpçülikleýin çäreler Türkmenistanyň jemgyýetçilik we syýasy durmuşyndaky wakalaryň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Býujet işgärleri, studentler, mekdep okuwçylary, çagalar baglaryndaky körpeler, ýaşulular çärelere gatnaşmaga mejbur edilýär. Gatnaşmakdan ýüz öwürenler dürli kynçylyklara, şol sanda işinden aýrylmak howpuna duçar bolýar. Bu aralykda, Mary welaýatynda maýyp çagalar üçin mekdebiň işgärleri çärelere gatnaşmakdan boşadylmagyny gazanyp bildiler.

Baýramalyda maýyp çagalar üçin köpugurly mekdebiň işgärleri ýerli häkimýetler tarapyndan yzygiderli gurnalýan çärelere gatnaşmak borjundandan boşadyldy. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, munuň üçin işgärler etrap, soňra welaýat administrasiýalaryna ýüz tutupdyrlar.

"Edaranyň işgärleri birnäçe gezek etrap we welaýat häkimliklerine iş wagtynda, şeýle hem işden soň çärelere gatnaşmagyň kyndygyny ýazdylar. Mugallym ýa-da eneke alnyp gidilse, otuz çaga diňe bir adamyň elinde galýar. Akyl taýdan kemisli şeýle köp çaga bir adam garaşyk edip bilmeýär" diýip, anonim gürleşen ýerli çeşme gürrüň berdi.

Çeşmeler, mekdep işgärleriniň etrap häkimligine eden birnäçe arzasynyň kanagatlandyrylmandygyny habar berdiler. Etrap häkimligine ýüzlenmeleri netije bermänsoň, işgärler welaýat häkimiýetlerine ýüz tutupdyr.

"Welaýatyň häkimligine birnäçe işgär geldi. Ilki bilen olaryň arzasyny kabul etmek islemediler. Ýöne gelenler, zerur bolsa, Aşgabada ýüz tutmaga-da taýýardygyny aýdyp, boýun egmediler. Şondan soň olaryň islegleri kanagatlandyryldy" - diýip, ýagdaýdan gönüden-göni habarly çeşmeleriň biri habar berdi.

Azatlyk Radiosy mekdebiň administrasiýasyndan, Baýramalynyň etrap häkimliginden we Mary welaýatynyň häkimliginden resmi taýdan maglumat alyp bilmedi.

Çeşmelere görä, Baýramalynyň mekdebinde maýyp çagalar üçin klaslar 30 okuwçydan ybarat. Käbir synplarda 40 okuwçy bar. Akyl taýdan kemisli çagalar bilen işlemek kyn bolýar. Häkimiýetleriň işgärleri çärelere gatnaşmaga yzygiderli mejbur etmegi olaryň işini gaty kynlaşdyrýar we işgärleri hünär borçlaryny doly ýerine ýetirmek mümkinçiliginden mahrum edýär.

Türkmenistanyň hökümeti raýatlary ýurduň durmuşyndaky dürli wakalar sebäpli geçirilýän we däbe öwrülen dabaralara hem çärelere gatnaşmaga mejbur edýändigi üçin tankyt edilýär.

Köpçülikleýin çäreler ýurtda tas günde bolup geçýär. Döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri üçin çärelere gatnaşmak hökmany hasaplanýar, ýüz öwürenlere dürli basyşlar, şol sanda işden kowulmak töwekgelçiligi abanýar. Studentler, mekdep okuwçylary, çagalar baglaryna gatnaýan körpeler we garrylar hem çärelere gatnaşdyrylýar.

Häkimiýetleriň geçirýän köpçülikleýin çärelerine çekilýän raýatlar bezegli geýinmeli, şatlykly we joşgunly görünmeli. Döwlet telewideniýesiniň repotažlarynda dürli dabaralara we çärelere gatnaşýan adamlar şadyýan we kanagatly görkezilýär. Döwlet propagandasy şowhunly dabaralar arkaly ýurtdaky ykdysady kynçylyklardan we agyr sosial problemalardan ejir çekýän halkyň “bagtyýar” ýurtda ýaşaýandygyny görkezmäge çalyşýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Tüтrkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenabatda syrkaw studentler aýazly howada çärä çekildi
Çagalar baglarynda körpelere berilýän sowgatlar, ene-atalardan ýygnalan pullar üns merkezinde galýar
Türkmenistanda gar ýagdy, käbir sebitlerde tok we gaz üpjünçiligi kesildi, ýol hadysalary köp boldy
Administratiw temmi alan raýatlar, esgerler pagta ýygymyna mejbury çekilýär, býujetçiler pul töleýär
Maryda mekdep okuwçylary we işgärleri 'haýyr-sahawata' mejbur edilýär
Mary: býujet edaralarynda öz islegi bilen işden çykýan köpelýär