Türkmenistanda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň käbir obalarynda, ini 12 metr giňeldilip, 1 metr belentlikde gum dökülüp taşlanan köçeleriň ýagyş ýaganda ýa-da adamlaryň tozan turmaz ýaly suwlan mahaly halkyň durmuşyny kynlaşdyrýandygy aýdylýar.
Baýramaly etrabynyň ýol kynçylyklaryny çekýän käbir obalarynyň ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, 3 ýyldan bäri sowet döwründen galan asfaltly ýollar "giňeldilip täzeden oňarylmagy üçin" diýip, köçelere yzygiderli ummasyz gum dökülýär we gum dökülen ýollar suwlanan mahaly batgalyga öwrülmegi bilen ýaşaýjylara uly kynçylyk döredýär.
"O diýen öwerlikli bolmasa-da, ors döwründen galan köneje asfalt köçelerimiz bardy.Soň resmiler ini 12 metr giňeldilen döwrebap ýollar gurulmaly diýip, owalkyja ýuka asfaltly köçelerimizi pozup, deregine birtopar gum döküp gitdiler.
Eýýäm 3 ýyldan bäri Baýramaly etrabynyň "Buluç oba", "Mir", "Gyzyl daýhan" obalary bilen 7-nji sowhozyň köçelerine yzygiderli gum dökülýär we adamlar tozamaz ýaly suwlan mahaly ýa-da ýagyş ýaganda palçykdan hereket eder ýaly bolanok. Ýöremeg-ä beýlede dursun, ýeňil awtoulaglary hem batgaly köçelerde sürüp bolanok. Şeýle ýagdaýda ýolsuzlykdan kösenýändigimiz barasynda etrap we welaýat häkimliklerine ýüz tutdyk.
Welaýat häkimliginde bize "Aşgabat tarapdan ýol gurluşygy üçin getirilmeli çagyl otly bilen amala aşyrylmaly. Ýol gurluşygy üçin gerek bolan gurluşyk serişdelerini ýük ulagy bilen getirmek bolanok. Şonuň üçinem 3 ýyldan bäri ýük otlusyna nobatymyzyň gelmegine garaşýarys. Nobaty gelende köçeleri we ýollary oňaryp başlarys" görnüşinde düşündiriş berdi.
Ýolsuzlygyň oba durmuşynda döredýän kynçylyklary indi çekip çydar ýaly däl. Ahyrynda bu problemany Azatlyk Radiosynyň üsti bilen ýokardaky hökümet ýolbaşçylaryna eşitdirmeli diýen karara gelip, size ýüz tutdyk. Gaýrat edip obalardaky adamlary batgalyga öwrülýän köçelerden halas etsinler" diýip, Baýramaly etrabynyň ýolsuzlykdan kösenýän obalarynyň birnäçe ýaşaýjysy gürrüň berýär.
Gürrüňi gidýän Baýramaly etrabynyň obalaryndan Türkiýä gelip, zähmet migranty bolup işleýän raýatlardan Arslan hem ýolsuzlyk sebäpli kösenýän obalardaky ýaşaýjylaryň başdan geçirýän ýagdaýlary barasynda Azatlyk Radiosyna maglumat berdi.
"Men hem ýagdaýy anyklamak üçin, öz obadaşlarym bilen gepleşdim.Käbir obalaryň ýaşaýjylarynyň ýolsuzlykdan kösenýändigini we bu ýagdaýyň olaryň durmuşyna diýseň ýaramaz täsir edýändigini tassykladylar.Mysal üçin, bir tanyş oglanymyz göwreli aýalyny hassahana äkitmeli bolanda, öz ýeňil awtoulagy bilen äkidip bilmändir.
Sebäbi ýagyn ýagandan soň obanyň köçesine dökülen gum batgalyga öwrülipdir.Onsoň ol başga obadaky bir dostuna jaň edip, "Gaz 69" kysymly awtoulagy bilen maşgalasyny batgadan geçirip, hassahana äkitmegini haýyş edipdir.
Beýleki obada ýaşaýan dosty köçäniň ýagyndan soň şeýle erbet batgalyga öwrülýändigini gelip görýänçä ynanmandyr" diýip, Arslan aýdýar.
Ýeri gelende bellesek, ýokarda agzalýan ýagdaýlar barasynda degişli türkmen resmilerden, haýsam bolsa bir kommentariýa ýa-da jikme-jik maglumat almak Azatlyk Radiosyna başartmaýar.