Baýramalydaky orta mekdeplere duýdansyz barlagçylar aýlanýarlar

Baýramalydaky orta mekdeplere duýdansyz barlagçylar aýlanýarlar

Şu günler Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki orta mekdeplere duýdansyz barlagçylar aýlanýar. Welaýat we etrap bilim bölüminden gelýän bu barlagçylar sapaklara girip, mugallymlaryň öz sapaklaryny doly okadýandygyny ýa okatmaýandygyny barlaýarlar. Bu barlaglar barada mekdep mugallymlarynyň ençemesi Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.

“Barlagçylar duýdansyz sapaklara girýärler. Mugallymlaryň okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň, konspektleriniň ýerinde ýa däldigini barlaýarlar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran baýramalyly mugallym 15-nji noýabrda habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, barlagçylar gelen wagty mugallymlar ýerinde, synplarda bolmasa, onda olara işden kowulmak howpy abanýar.

Habarçymyzyň sözlerine görä, şuňa meňzeş barlaglar welaýatyň tas ähli etraplaryndaky orta mekdeplerde geçirilýär. Şeýle barlaglaryň geçirilmegine nämäniň sebäp bolandygy barada anyk maglumat berilmeýär.

Ýöne habarçymyz bilen söhbetdeş bolan mugallymlar bu barlaglaryň sebäplerini "mugallymlaryň işinde bahana tapyp, olary işden çykarmak we olaryň deregine täze işgäri almak" üçin edilýän çäre diýip düşündirýärler.

"Häzir bir mugallymy işden boşadyp bilseler, onuň deregine 100 müň manat para alyp, täze adamy işe alýarlar" diýip, baýramalyly mugallym aýtdy.

Azatlygyň bu barada Mary welaýat we Baýramaly etrap Bilim müdirliklerinden goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Türkmenistanda işe ýerleşmek üçin ýurt raýatlarynyň para bermäge mejbur bolýandygy, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň täze işgär almak üçin öňden işläp gelýän hünärmenleri dürli bahanalar esasynda işden çykarýandygy barada Azatlyk öň hem ençeme gezek habar beripdi.

Şu aýyň başynda Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýerli kärhanalaryň işgärleri özleriniň aýlyk haklaryndan onlarça esse ýokary bolan parany berip, uly kynçylyk bilen iş tapandygyny gürrüň berdiler. Olaryň sözlerine görä, bir kärhanada ortaça aýlyk 1000 manat, ortaça para bolsa, 60 000 manatdan geçýär.

Türkmenistan halkara guramalarynyň korrupsiýa hasabatlarynda ýylyň-ýylyna yzdaky orunlary eýeleýär.

“Transparency International” guramasynyň dünýäde korrupsiýanyň ýagdaýy boýunça 2020-nji ýyl üçin çap eden soňky hasabatynda Türkmenistan 180 ýurduň arasynda 165-nji orny eýeledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Lebaply mugallymlardan edilýän talap lukmançylyk edaralarynda uly nobatlaryň döremegine getirdi
Türkmenistanyň ÝOJ-larynda dalaşgärlerden “para almak möwsümi” başlandy
Balkanlylara paranyň öwezine türmedäki hossarlaryny Gadyr gijesinde azatlyga çykarmaklyk teklip edilýär
Türkmenistanda daşary ýurtlaryň ÝOJ-larynda okamaga ýykgyn edýän ýaşlar köpelýär
"2025-nji ýylа žeton gutardy." Daşoguzda biometriki pasport üçin nobata ýazmaýarlar
Aşgabat: Talyplar artýan talaplaryň özleriniň bilim almagyny barha agyrlaşdyrýandygyny aýdýarlar
Lebapda PÝGG-niň sürüjilere gözegçiligi we olardan para almagy’ ýene batlandy